Sepleriň elýeterliligi

Diktatoryň gülküsi geňirgendirýär


Kaddafä wepadar güýçler tarapyndan Al-Zawiýe şäherine alty ýerden hüjüm edilipdir.

Kaddafä wepadar güýçler tarapyndan Al-Zawiýe şäherine alty ýerden hüjüm edilipdir.

Liwiýadan gowuşýan habarlarda Kaddafiniň tarapyny çalýan ýaragly güýçleriň oppozisiýanyň kontrollygyndaky şäher Al-Zawiýäni almaga synanyşyp, ýeňlişe uçranlygy aýdylýar.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Kaddafä wepadar güýçler tarapyndan bu şähere alty ýerden edilen hüjüm öten agşam alty sagada çekipdir.

Muammar Kaddafi ABC telekanalynyň žurnalisti Kristian Amanpur bilen söhbetdeşligiň öňüsyrasynda, Tripoli, 28-nji fewral.
Bu aralykda günbatar žurnlistlerine interwýu beren Muammar Kaddafi iş başyndan çekilmegi barada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bolýan çagyryşlara gülüp, liwiýa halkynyň özüni gowy görýändigini aýtdy.

Ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary Haled Kaimiň bildirmegine görä, Kaddafiniň režimi ýagdaýy tire-taýpa we intellektual ýolbaşçylaryň üsti bilen durnuklylaşdyrmaga synanyșýar.

“Sosial dialog we ikitaraplaýyn düşünişmek barada barýan tagallalar başa barmasa, intellektuallar, tire-taýpa ýolbaşçylary we akyldarlar durnuklylygy, asudalygy üpjün edip bilmesler, oňat ýola goýlan güýç ulanylar” diýip, Kaim aýtdy.

Hökümete garşy demonstrantlar we halkyň tarapyna geçen esgerleriň gözegçiligindäki gündogar Liwiýada bolsa, adamlar Kaddafiniň tarapdarlarynyň bolaýmagy ahmal hüjümlerini yzyna serpikdirmäge taýýarlyk görýärler.

Bu ýerde oppozisiýanyň hataryna goşulýanlaryň sanynyň barha artýanlygy göz öňünde tutulyp, Kaddafiniň Tripolidäki karargähine ýöriş etmek barada hem oýlanylman duranok.

“Gury hyýal”

Soňky zorluk Kaddafi BBC, ABC telekanllaryna we “The Times” gazetine interwýu berenden soň boldy. Kaddafi žurnalistlere: “Ýurtdaky ýeke-täk oppozisiýa “Al-Kaýdanyň” çet ýurtly terroristleri we “Al-Kaýdanyň” buýruklaryny ýerine ýetirýän neşebent ýaşlar” diýdi.

Özüniň iş başyndan çekilmegi üçin halkara derejesinde bolýan çagyryşlar hakda soralanda Kaddafi gülüp, Liwiýa halkynyň özüni gowy görýändigini aýtdy. Kaddafi: “Olar meni gowy görýärler. Meniň halkym, ählisi, meniň tarapymda. Olaryň hemmesi meni gowy görýär. Olar ölmeli hem bolsa, meni gorar, meniň halkym” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Sýuzan Raýs Kaddafiniň beýanatyny “gury hyýal” diýip atlandyrdy. Raýs bu hakda: “Dogrusy, bular bir boş hyýala meňzeýär. Öz halkyny gyryp ýörkä, amerikan we halkara žurnalistleri bilen gürleşip, gülmegi onuň ýolbaşçylyga laýyk däldigini, hakyky durmuşdan nädereje daşlaşandygyny görkezýär” diýdi.

Halkara gysyşlar ýokarlanýar

Kaddafiniň režimine görkezilýän gysyşy artdyrmak üçin Birleşen Milletler Guramasy, Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi, Britaniýa, Germaniýa, Awstriýa, şeýle hem beýleki döwletler Tripoliniň garşysyna ýarag embargosyny we ykdysady sanksiýalary girizdiler.

Bașga ýurtlaryň hökümetleri öz raýatlaryny Liwiýadan çykarmak işini dowam etdirýärler, Bengazi, 28-nji fewral.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton duşenbe güni Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşine: “Mundan artyk gandöküşiklik bolmaz ýaly Kaddafi iş başyndan çekilmeli” diýdi.

“Halkara kanuny borçnamalara we umumy ahlak kadalaryna ters işleri üçin polkownik Kaddafi we onuň töweregindäkiler jogapkärçilige çekilmeli. Olar eden bu işleri bilen ýurdy kanuny taýdan dolandyrmak hukugyny ýitirdiler. Liwiýa halky olara açyk mälim etdi: Kaddafä gider wagt boldy” diýip, Klinton öz çykyșynda belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda sişenbe güni giçlik Adam hukuklary geňeşiniň Liwiýany bu geňeşe agzalykdan çykarmak baradaky maslahat sese goýlar diýlip garaşylýar.

Bașga ýurtlaryň hökümetleri öz raýatlaryny Liwiýadan çykarmak işini dowam etdirýärler. Ýöne ýurdy terk etmäge synanyşýan liwiýaly bosgunlar hem bar. Kömekçi guramlaryň aýtmagyna görä, bularyň sanynyň artyp, gumanitar krizise getirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG