Sepleriň elýeterliligi

Eşegarabalar ýörgünli ulag


Häzirki wagtda daýhan hojalyklarynda eşekleriň sany artýar.

Häzirki wagtda daýhan hojalyklarynda eşekleriň sany artýar.

Ata-babalarymyzyň gündelik dürmuşynda ulanylyp gelnen eşegarabalar geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan soň adamlaryň durmuşyndan daşlaşyp, daýhan hojalyklarynda-da, kolhoz-sowhozlarda-da dürli kysymly tehnikalar bilen ornuny çalşypdy.

Sowet soýuzynyň düzüminden çykan ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar netijesunde oba hojalygynda we beýleki birnäçe pudaklarda tehnikalaryň dargamagy bilen, daýhanlar eşekleriň we eşegarabalaryň hyzmatlaryna gaýtadan dolanmaly boldular.

«Ural», «Iž-Ýupiter» kysymly motosikletli, «Moskwiç», «Žiguli» kysymly awtomaşynly hojalyklar gaty bir kösençlik çekmediler. Hojalykdaky tehnikalaryny aýawly saklap, şu güne çenli meýdan işlerine baryp-gelmekde ulanyp ýören hojalyklar az däl. Emma daýhanlaryň köpüsi eşegarabalaryny münmeli bolýarlar.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy Gülnäziň aýtmagyna görä, maşyn-motor ulagy bolan hojalyklar hem soňky 3-4 ýyldan bäri benziniň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli, eşegaraba satyn alýarlar. Oba ýerlerinde bu ulagy ýasamaga ussat adamlar bar. Olaryň köpüsi eşegaraba ýasanlarynda köne maşynlaryň tekerlerini ulanýarlar, dürli ölçegdäki demir turbalary, armaturlary kebşirläp, teker ýasaýarlar, arabanyň üstüni tagtadan gurnaýarlar. Pulsuzrak adamlar araba üçin tekerleri dükanlardan nesýe alýarlar.

Şeýle ýagdaýda gurnalan arabalarda bir hojalykdan 4-5 adam bolup kärende ýerlerine gatnaýarlar. Awtoulaglarda bolsa her günde onlarça litr ýangyç sarp etmeli bolýar. Daýhanlar eşegarabalary ulanyp, benzin tygşytlasalar-da, wagtlaryny tygşytlap bilmeýärler. Obadan uzagrakdaky kärende ýerlerine baryp-gelmek üçin mytdyldap ýöreýän eşek sebäpli ýolda birnäçe sagat ýitirmeli bolýarlar.

Häzirki wagtda daýhan hojalyklarynda eşekleriň sany artýar. Adamlaryň eşegarabalaryna ýaňy geçip başlan döwürleri obalarda eşekler örän gytdy. Bir kürräniň bir gölä çalşylan wagtlarynyň hem bolandygyny Gülnäz ýatlaýar. Şu günki gün hem kürreli eşegiň bahasy 300 manat. Kürräniň bir özüniň bahasy 80-100 manat. Bir ýaşly kürrelere münüş öwredip, bir ýyl, bir ýarym ýyl seretseň, ol eşeklige ýetişýär.

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda, 6-njy fewral 2011-nji ýyl.
Eşekleriň we eşegarabalaryň iň bir ýörgünli ulanylýan ýerleri Mary, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarydyr. Lebaply Halbaýyň aýtmagyna görä, eşekleri saklamak daýhanlar üçin köp çykdaýjy talap etmeýär. Eşek janawar iým talap edip duranok, onuň üçin meýdanlardan ýandak, selme ýaly ot-çöplerden ätiýaçlyk ot taýýarlap bolýar. Goýun-geçiniň, göledir sygryň agzyndan galan ot-iýmler bilen hem eşek oňňut edip bilýär. Ýöne arpa, kädi ýaly iýmitler bilen iýmitlendirip bilseň, eşek malynyň hem atdan pes bolmaýandygyny daýhanlar aýdýarlar.

Daýhanlar eşegarabalar bilen hojalygyň ähli işini ýerine ýetirip bilýärler. Kärende ýerlerine baryp gelmekde ulag bolup hyzmat edýän eşegarabalar bilen otag döwri kärende ýerinden ýygylýan otlary öýe daşamak, bakjadan gök önümleri daşamak, ýüpek gurçugynyň idedilýän döwründe tut ýapraklaryny daşamak, piläni kabul ediş punktlaryna alyp gitmek ýaly zerur bolan ähli işleri edip bolýar.

Daýhanlaryň hususy tehnikalar edinmek isleýänleri az däl. Her kimiň eşegarabadan dynyp, awtomaşyn, traktor edinesi gelýär. Ýöne welin, daýhanlaryň islegleriniň ýerine ýetmegi üçin entekler köp wagt gerek bolsa gerek. Sebäbi daýhanlaryň gazanjy tehnikanyň bahasyna ýeterden has pes. Daýhanlaryň öz dili bilen aýtsak, olaryň jübüsine puluň gelşi eşek ýöreýşine çalym edýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG