Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrantlar çaknyşdy


Berilýän maglumatlara görä, Eýranyň howpsuzlyk güýçleri Tähranda protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanypdyrlar.

Şeýle-de howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri demonstrantlar bilen çaknyşypdyrlar.

Şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna aýtmagyan görä, protestçiler Tähranyň Enghelab we Azadi köçelerinde ýygnanypdyrlar.

Mundan öň, oppozisiýa wekilleri Mir Hossein Musawiniň we Mehdi Karrubiniň azatlyga goýberilmegini talap edip, sişenbe güni Tähranda ýöriş geçirmek planlaşdyrylypdy.

Eýranyň resmileri ýurduň oppozisiýa liderleriniň türmede saklanýandygy baradaky habarlary ret etdiler. Emma resmiler olaryň häzir nirede saklanýandygy barada hiç zat aýtmadylar.

Mir Hossein Musawi we Mehdi Karrubi 14-nji fewralda arap dünýäsindäki protestleri goldap ýöriş geçirmäge çagyryş edipdiler. Berilýän maglumata görä, olar şondan soň öý tussaglygynda saklanypdyrlar.

Olaryň maşgala agzalarynyň we oppozision Web saýtalarynyň maglumatlaryna laýyklykda, Mir Hossein Musawi we Mehdi Karrubi penşenbe güni tussag edilip, Tähranyň etegindäki türmä ýerleşdirilipdirler.

Baş porkuror Golam Hossein Mohseni Ejeýiniň aýtmagyna görä, käbir “duşman” habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlary “ýalan”.
XS
SM
MD
LG