Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 241 dalaşgär hödürlendi


2011-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna, rekord derejede, 241 dalaşgär hödürlendi. Bu barada Norwegiýanyň Nobel Komiteti habar berýär.

Komitetiň hemişelik sekretary Geir Lundestadyň berýän maglumatyna görä, bu abraýly baýrak üçin 188 şahs we 53 sany gurama nominerlenipdir.

Nominasiýalary hödürlemegiň ahyrky möhleti 1 fewralda tamamlanypdy.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi şu ýylyň oktýabrynda yglan ediler.

Bu baýraga hödürlenen nominantlaryň ady aýan edilmedi. Emma bu sanawyň içinde orýsetli adam hukuklaryny goraýjy Swetlana Gannuşkinanyň, “WikiLeaks” internet saýtynyň we Kubaly dissidentiň bardygy belli.

2010-njy ýylda bu baýrak türmede oturan hytaýly dissident Liu Şiabo berlipdi.
XS
SM
MD
LG