Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Sadulla Rozmetowyň belli gününe bardy


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Daşoguz welaýatyna eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany merhum Sadulla Rozmetowyň 40-na, ýagny belli gününe gatnaşdy.

Sadulla Rozmetow uzaga çeken agyr keselden soň, 20-nji ýanwarda 90 ýaşynyň içinde aradan çykypdy.

Sadulla Rozmetowa Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan Türkmenistanyň Gahrymany diýen iň ýokary at berlipdi we onuň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşigine onuň ady dakylypdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Sadulla Rozmetow Türkmenistanyň Gahrymany diýen iň ýokary atdan başga-da, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen at bilen, «Garaşsyzlyk», «Prezidentiň ýyldyzy», III derejeli «Altyn Asyr» ordenleri we başga-da birnäçe döwlet sylaglary bilen sylaglanypdy.
XS
SM
MD
LG