Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň goranmak ministri wezipesinden gitdi


Germaniýanyň goranmak ministri Karl-Teodor Zu Güttenberg wezipesinden gitdi.

Zu Güttenberg öz dissertasiýasynda plagiatlykda aýyplanyp, geçen aý doktorlyk derejesinden mahrum edlipdi.

Bu baradaky galmagal döräli bäri, Zu Güttenberge wezipesinden gitmegi üçin basyş edilýärdi.

Zu Güttenberg wezipesinden çekilmek baradaky kararyny kansler Angela Merkeliň we prezident Kristian Wulfyň dykgatyna ýetirdi.

Zu Güttenberg sişenbe güni Berlinde žurnalistleri öňünde çykyş etdi: "Men elmydama-da göreşmäge taýýardym, ýöne men eýýäm öz güýjümiň çäklerine ýetdim”.

39 ýaşly aristokrat Angela Merkeliň hökümetindäki iň meşhur ministrleriň biridi.
XS
SM
MD
LG