Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda 500 töweregi adam biznesmeniň öýüni otlady


Gyrgyzystanyň günortasynda 500 töweregi adam biznesmeniň öýüni otlady. Olaryň aýtmagyna görä, bu biznesmen geçen hepde ýerli salgyt inspektoryny öldüripdir.

Bu waka Oş regionynyň Nookat şäherinde boldy. Polisiýa wekilleri toparlary dargatmak üçin güýç ulandylar.

Demonstrantlar ilki başda etniki gyrgyz Sagynbek Alymbaýewiň öldürilmegi bilen bagly derňewler hakda maglumat almak isläpdirler.

45 ýaşly Alymbaýew 23-nji fewralda atylan ýagdaýda öz maşynynyň içinde öli tapylypdy.

Bu jenaýat bilen baglylykda, anna güni polisiýa ýakyn obadan üç kişini tussag etdi. Bu oba ilatynyň aglabasyny etniki özbekler düzýär.

Içeri işler ministrligiň ýerli bölüminiň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzir Nookat şäherindäki ýagdaýlar gözegçilik astyna alnypdyr.
XS
SM
MD
LG