Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti protestler boýunça Ysraýyly aýyplady


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh öz ýurdunda we beýleki arap döwletlerinde bolýan protestleri maliýeleşdirmekde we möwjetmekde Ysraýyly aýyplady.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamany protestçileri goldaýandygy üçin tankylady.

Prezident Saleh Sana uniwersitetiniň töwereginde ýygnanan professorlara we studentlere ýüzlenip, Obamanyň “Arap döwletleriniň işlerine goşulýandygyny” belledi.

Ali Abdullah Saleh terrorizme garşy göreş boýunça Birleşen Ştatlaryň ygtybarly hyzmatdaşy bolup gelýärdi.

Häzir Ýemende Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip protestler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG