Sepleriň elýeterliligi

BMG: Liwiýanyň günbatar serhedi “krizis derejesine” ýetýär


Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça edarasynyň aýtmagyna görä, Liwiýanyň Tunis bilen günbatar serhedindäki ýagdaýlar “krizis derejesine” ýetýär.

Soňky 10 günüň dowamynda Liwiýadaky bidüzgünçilikler sebäpli, bu serhedi 70,000-den 75,000-e çenli adam geçipdir.

BMG-niň bosgunlar boýunça Baş komissarynyň metbugat wekili Melissa Flemingiň berýän maglumatyna görä, diňe duşenbe gününiň özünde bu serhetden 14,000 adam geçipdir. 10,000-den 15,000-e çenli adam bolsa serhedi geçmek üçin garaşýar.

Başga berilýän maglumata görä, sişenbe güni Muammar Kaddafiniň tarapdarlary gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Zawiýah şäherini öz ellerine geçirmäge synanşypdyrlar. Olaryň bu synanşygy şowsuz geçipdir.

Birleşen Ştatlar öz harby gämilerini we uçarlaryny Liwiýa golaýlatdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bolsa Liwiýa garşy harby güýji ulanmak mümkinçiliginiň hem aradan aýrylmaýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG