Sepleriň elýeterliligi

Ýemende protestler möwjeýär, prezident Ysraýyly günäleýär


Oppozisiýa Ýemeniň paýtagty Sananyň köçelerinde bolan protestleriň perezident Aly Abdulla Salehiň 30 ýyllyk dolandyryşyna garşy edilen iň uly ýörişdigini aýtdy.

Salehiň garşydaşlary köçelerde toplanyp, Sana uniwersitetiniň ýanyndaky meýdança ugradylar.

Bu ýerde studentler we demokratiýa tarapdar demonstrasiýaçylar bir hepdeden gowrak lager gurap otyr.

Bu demonstrasiýalar Salehiň öz ýurdundaky we beýleki arap döwletlerindäki protestleri maliýeleşdirmekde Ysraýyly günälen wagtyna gabat geldi.

BMG-niň ýokary komissary Neýwi Pillaý Sanadaky häkimiýetlere protestleri basyp ýatyrmak üçin güýç ulanmaly däldigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG