Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri demonstrasiýaçylar bilen çaknyşýar


Eýranyň howpsuzlyk güýçleri Tähranda gözýaşardyjy gazlary pürkdi we oppozisiýa goldawçylary bilen çaknyşdy.

Farda Radiosyna interwýu beren bir şaýat Ynkylap we Azady köçeleriniň protestçiden doly bolandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, polisiýa adamlaryň esasy köçelere gelmeginiň öňüni almak üçin gözýaşardyjy gazlary ulanýar.

Interwýu beren şaýat protestçleriň bir toparynyň tussag edilendigini aýdýar.

Oppozisiýa tarapdarlary Tähranda oppozisiýa liderleri Mir Hosseýin Musawi bilen Mehdi Karrubiniň azat edilmegi üçin ýöriş geçirjeklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG