Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň Yslam hereketi “Ennahda” kanunlaşdyryldy


Tunisiň Yslam hereketi “Ennahda” gurlanyndan 30 ýyl soň hasaba alnandygyny aýdýar. Bu çäre “Ennahda” gelýän saýlawlara gatnaşmaga ýol açar.

Ýanwarda häkimiýetden agdarylan Zine El Abidine Ben Aliniň režimi mahalynda gadagan edilen aram hereket 1981-nji ýylda, Müsüriň “Musulman doganlygynyň” intellektuallarynyň ruhlandyrmagy netijesinde döredilipdi.

Hereketiň lideri Raçed Gannouçi ýanwarda, 20 ýyllyk sürgünden soň, Londondan Tunise dolanyp geldi.
XS
SM
MD
LG