Sepleriň elýeterliligi

BMG: 67 million töweregi çaga mekdebe gatnamaýar


BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet guramasy (ÝUNESKO) 67 million çaganyň mekdebe gatnamaýandygyny, ol çagalaryň 28 millionyň ýaragly konfliktleriň barýan ýerlerinde ýaşaýandygyny aýdýar.

ÝUNESKO-nyň 2011-nji ýyldaky Global gözegçilik hasabaty, köp ugurlarda öňegidişlik bardygyna garamazdan, dünýä liderleriniň BMG-niň 2000-nji ýyldaky sammitinde öňde goýlan maksada ýeterden daşdygyny aýdýar.

Bu hasabat 2015-nji ýylda şu günküden hem köp çaganyň mekdebe gatnap bilmezliginiň mümkindigini duýdurýar.
XS
SM
MD
LG