Sepleriň elýeterliligi

Ermeni hökümetina garşy müňlerçe adam protest etdi


Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda oppozisiýa tarapdarlarynyň müňlerçesi hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap etdi.

Bir sagat çemesi wagtda soňlanan demonstrasiýa şäherde adam ölümine getiren syýasy gozgalaňyň üç ýyllygyna bagyşlandy.

2008-nji ýylyň martynda prezident Serž Sarkisýany ýeňiji eden dawaly saýlawlardan soň geçirilen protest mahalynda howpsuzlyk güýçleri bilen oppozisiýa tarapdarlarynyň arasynda bolan çaknyşykda 10 adam ölüpdi.

Şonda häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan edip, oppozisiýany häkimiýeti eýelemäge synanyşmakda aýyplapdylar.

Oppozisiýa aktiwistleri häkimiýetleriň şonda bolan zatlary bassyr-ýussur etmegi dowam etdirýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG