Sepleriň elýeterliligi

Britan PM: «Biz Kaddafini halky “gyrmakdan” saklamaly»


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron halkara jemgyýetçiligi liwiýa lideri Muammar Kaddafini öz halkyny «gyrmakdan» saklamaly diýdi.

Kameron Londonda owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda «Polkownik Kaddafiniň uçarlary we dikuçar pulemýotlaryny ulanyp, öz halkyny gyryp bilmegi kabul ederliksiz» diýdi.

Ol bu sözleri Karzaýyň Britaniýa resmi saparyna başlaýan wagtynda aýtdy.

Karzaý bu ýurda Owganystandaky dikeldiş we howpsuzlyk tagallalary, şol sanda bu işde Britaniýanyň kömegi barada maslahatlaşmaga geldi.
XS
SM
MD
LG