Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Liwiýa-Tunis serhedinde ýagdaý krizis derejesinde


Tunisli esger (çepde) we bosgunlar Tunis-Liwiýa serhedinde, 1-nji mart.
Tunisli esger (çepde) we bosgunlar Tunis-Liwiýa serhedinde, 1-nji mart.
BMG-niň bosgunlar gullugy Liwiýanyň Tunis bilen araçäkleşýän günbatar serhedinde soňky 10 günde Liwiýadan 70 müňden 75 müňe çenli adamyň gaçmagy netijesinde ýagdaýyň «krizis derejesine» gelendigini aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň sözçüsi Melissa Flemiň duşenbe güni Tunise serhetden 14 müň adamyň gaçyp geçendigini we sişenbe güni hem 10 müňden 15 müňe çenli adamyň gaçyp gelmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Şularalykda Muammar Kaddafä wepaly güýçleriň Zawiýah şäherini gozgalaňçylardan gaýtaryp almaga synanandygy, ýöne muny başarmandygy habar berildi. Zawiýah paýtagt Tripolynyň 50 km günbatarynda ýerleşýär.

Birleşen Ştatlar uruş gämilerini we söweş uçarlaryny Liwiýa golaýraga süýşürýär. Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bolsa sişenbe güni Kaddafä garşy harby güýç ulanmak ähtimallygyny aradan aýyrmakdan ýüz öwürdi.

Muňa garamazdan, Fransiýanyň daşary işler ministri Aleýn Juppe fransuz parlamentine BMG-den açyk ygtyýar bolmazdan Liwiýa garşy halkara harby çäräniň görülmejegini, şol sanda uçmasyz zona düzgüniniň hem girizilmejegini aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Hytaý we Orsýet Liwiýada uçmasyz zona düzgüniniň girizilmek ähtimallygyna şübhe bildirdiler.

Birleşen Ştatlaryň baş serkerdesi, general Jeýms Mattis sişenbe güni Senat diňlenişiginde Liwiýanyň üstünden uçmasyz zona düzgünini girizmek üçin ilki Liwiýanyň howa gorag sistemasyny bombalamaly boljagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG