Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yangyç kompaniýalarynyň işleriniň aç-açanlygy 2011



Wideo: "Yangyç kompaniýalarynyň işleriniň aç-açanlygy 2011" hasabatyna syn (“Transparency International”)

Germaniýada ýerleşýän “Transparency International” we New Yorkda ýerleşýän “Revenue Watch” guramalary tarapyndan bilelikde ýaýradylan hasabata görä, nebit we gaz boýunça iş alyp barýan kompaniýalaryň öz işleriniň aç-açanlygy we korrupsiýa garşy programmalar baradaky maglumatlary köpçülige elýeterli edişlerinde ösüş bar.

2011-nji ýyl boýunça şol hasabatda aýdylyşyna görä, bu ugurda ösüşiň bolmagyna garamazdan, korrupsiýanyň öňüni almak üçin edilmeli işler gaty köp. Hasabatda bu barada şeýle diýilýär: “Aç-açanlygyň kök urmagy gowy habar, emma iş alyp barýan ýurtlarynda hökümete tölenýän töleg barada maglumat berýän kompaniýalaryň sany heniz hem gaty az”.

“Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maýn
Nebit we gaz pudagy bilen bagly korrupsiýa garşy kampaniýa alyp barýan Londonda ýerleşýän “Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maýnyň aýtmagyna görä, bu ugurda maglumatyň halk köpçüligine elýeterli edilmegi häzirki döwürde iň möhüm mesele bolup durýar.

“Demirgazyk Afrikada häkimiýet başyndan çekilmäge mejbur bolan diktatorlaryň ýagdaýyna serediň. Olaryň daşary ýurtlarda ýerleşýän banklarda ummasyz serişdesiniň bardygy ýüze çykdy. Şol serişdäniň uly böleginiň gümürtik ýagdaýda gazanylan baýlykdygy aýdylýar. Şunlukda şol ýurtlarda iş alyp barýan kompaniýalar we olaryň alyp barýan işleri hakda has köpräk maglumat berilmegine zerurlyk bar” diýip, Tom Maýn nygtaýar.

“Transparency International” we “Revenue Watch” guramalary tarapyndan ýaýradylýan hasabatda aýdylmagyna görä, ykdysady taýdan ýeter-ýetmezçilikli bolan adamlaryň sany barada aýdylanda, tutuş dünýä boýunça olaryň jemi sanynyň üçden bir bölegi energiýa baý ýurtlarda ýaşaýarlar. Bu topara girýän ilatyň öz hökümetleriniň şol pudak boýunça ýurtda iş alyp barýan kompaniýalardan alýan pulunyň möçberini bilmäge hukugy bar diýilýär.

“Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maýn bu barada şeýle diýýär: “Aç-açanlygyň emele getirilmegi şol serişdäniň nirä sarp edilýänligine göz ýetirmekligiň bir ýoly. Bu, elbetde, problemany çözmek üçin ýeterlik däl, emma şeýle maglumatyň çap edilmegi şol ýurtlaryň raýatlaryna öz hökümetleriniň ýurtda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary bilen edilýän hyzmatdaşlyklardan näçeräk girdeji alýanlygy we şol serişdäniň nämä sarp edýänligi barada ýurduň ýolbaşçylaryna sorag bermäge mümkinçilik döreder”.

Türkmenistan

Energiýa pudagy boýunça aç-açanlyk hakda gürrüň edilende, beýleki ençeme ýurt bilen bir hatarda Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar, esasan hem Türkmenistanyň ady, köplenç ýapyk ýurtlaryň hataryna girizilýär.

Ýerasty baylyklary boýunça dünýäde bäşinji orny eýeleýänligi aýdylýan Türkmenistanyň girdejisiniň aglaba bölegi energiýa eksporty arkaly üpjin edilýär. Emma ilatyň durmuş şertleri we sosial ýagdaýynyň derejesi barada aýdylanda welin, halkara guramalaryň bu ýurtdaky ýagdaýlara berýän bahasy o diýen pozitiw däl, ýurtda işsizlik we korrupsiýanyň-da aşa ornaşanlygy aýdylýar.

Şonuň bilen bir hatarda “Transparancy International” ýaly guramalar tarapyndan ýaýradylýan hasabatlarda aç-açanlyk boýunça Türkmenistana berilýän baha-da juda pes. “Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maýnyň aýtmagyna görä, edil şeýle sebäplere görä, Türkmenistan ýaly ýurtlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň öz işlerini halkara standartlara görä amala aşyrmagy zerur bolup durýar.

“Bu meselede Türkmenistan iň gowy mysallardan biri, Müsürde we Liwiýada ýurduň baýlyklaryndan gelýän girdejiniň nirä sarp edilenliginiň anyklanmagyna çagyryş edilýän häzirki pursatda, Amerikada we Ýewropada ýerleşýän halkara kompaniýalar Türkmenistana baryp, nebit we gaz boýunça kontrakt almaga synanyşýarlar. Bu gaty geň ýagdaý. Sebäbi maliýe dolanyşygy barada gürrüň edilende, Türkmenistan, belki, iň ýapyk ýurtlardan biridir” diýip, Tom Maýn belleýär.

“Transparency International” we “Revenue Watch” guramalary tarapyndan ýaýradylan hasabat nebit we gaz boýunça iş alyp barýan onlarça kompaniýanyň ýagdaýyna hem syn berýär. Olaryň arasynda Türkmenistan bilen işleşýän beýleki ençeme kompaniýalar bilen bir hatarda “Gazprom” kompaniýasynyň hem ady geçýär. Bu kompaniýa aç-açanlyk boýunça iň pes baha alan şirketleriň hataryna girizilipdir.
XS
SM
MD
LG