Sepleriň elýeterliligi

Obalarda ösüş pes – kim günäkär?


Aşgabatly ýazyjy Bugaýew ýerlerdäki agyr ýagdaýlaryň sebäbiniň diňe bir häkimlerden ýa-da deputatlardan däldigini belleýär.

Aşgabatly ýazyjy Bugaýew ýerlerdäki agyr ýagdaýlaryň sebäbiniň diňe bir häkimlerden ýa-da deputatlardan däldigini belleýär.

25-nji fewralda geçen hökümet mashlahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow etrap, welaýat häkimlerini, deputatlary ilatyň sosial-ykdysady zerurlyklary bilen gyzyklanmazlykda we problemalaryny çözmezlikde tankytlady.

Prezident Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, häkimler, deputatlar şäherçelerde we obalarda ýaşaýan ilatyň zerurlyklary bilen gyzyklanmaýarlar, problemalaryny çözmeýärler.

Prezident şuňa meňzeş tankytlary yzygiderli edýär. Ol şu ýylyň başlarynda hem Mejlisiň deputatlaryny öz saýlawçylary barada alada etmezlikde tankytlapdy.

Aşgabatly publisist, ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, prezidentiň häkimleri we deputatlary tankytlamasy halkyň garaşýan zadydy: “Sebäbi, häkimleriň, oba arçynlyklarynyň başlyklarynyň bitirip bilýän işleri ýaranjaňlyk etmek. Olary gürletseň, hemme zat düzüw”.

Emma Bugaýew prezident umymy gürrüň etdi diýen pikirde: “Meselem, men ýerlerde işsizlik meselesini etrap, welaýat häkimleriniň, oba arçynlarynyň çözmeýändigi, ilatyň sosial goragy hakynda anyk işleriň bolmaly derejesinde edilmeýändigi hakynda has anygrak tankytlara garaşypdym”.

Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin ýakynda türkmen prezidentine ýüzlenip çap eden makalasynda şeýle ýazdy: “Sen parlamente kimleri aldyň? Olar kanunlary kabul edýärler, sen olara gol goýýarsyň. Şondan iki hepde soň bolsa, şol kanunlara düzedişler girizilýär. Görnüşi ýaly, ýuristler eýýäm kabul edilen dokumentler bilen tanşyp, alada bildirip başlaýan bolmaly. Megerem, ilki kanunlaryň proýektini spesialistlere berip, soňra olara gol goýmak gerekdir? Emma, men munuň peýdaly boljakdygyna kän bir ynanmaýaryn”.

Prezident häkimleri tankytlaýar

Prezident Berdimuhamedow 25-nji fewraldaky çykyşynda, obalarda we şäherçelerde kadaly ýollaryň bolmaýșy ýaly, iň zerur zatlaryň hem ýokdugyny häkimlere ýatlatdy.

Bugaýewiň sözlerine görä, prezidentiň bu bellikleri hem dogry: “Obalaryň käbirinde kitaphanalar, medeniýet öýleri açylsa-da, köpüsinde açylmady. Emma prezident özüniň kabul eden 10 ýyllyk programmasynyň ýerine ýetirilmeýändigine ünsi çeken bolsa, has gowy bolardy”.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň prezidente ýüzlenip ýazan makalasynda ýene şeýle diýilýär: “Sen 10 aý mundan ozal Daşoguzda agyz suw zawodyny dabaraly ýagdaýda açdyň. Bu dabara ýerli telewideniýede birnäçe günläp berildi. Emma henize çenli agyz suwy ýok. Belki, sen ol barada bilýän dälsiň? Sebäbi bular ýaly siziň üçin ownuk zatlar barada telewideniýede gürrüň edilmeýär”.

Aşgabatly ýazyjy Bugaýew ýerlerdäki agyr ýagdaýlaryň sebäbiniň diňe bir häkimlerden ýa-da deputatlardan däldigini belleýär: “Sebäbi etrap häkimini, onuň orunbasarlaryny ýa-da welaýat häkimini hem prezidentiň özi belleýär. Haçanda şolary saýlamak hukugy halka berilse, olardan edýän işleri barada hasabat soramak hukugy halkyň özünde bolsa, onda işler öz-özünden düzelip giderdi”.

Araplaryň täsiri

Geçen aýlarda Tunisiň, Müsüriň hökmürowan liderleriniň häkimiýetden agdarylmagynyň esasy sebäpleri ilatyň işsizlige, agyr sosial-ykdysady ýagdaýlara garşy protestleri boldy. Hut şol wakalardan soňra Ýemen, Iordaniýa, Bahreýn we beýleki arap ýurtlarynyň liderleri demokratik we sosial-ykdysady reformalary geçirmegi söz berdiler.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Habarlar merkeziniň analitigi Brýus Panniýeriň pikirine görä, Berdimuhamedowyň soňky çykyşlary arap ýurtlarynda wakalar bilen gös-göni baglanşykly: “Prezident häkimleri, deputatlary tankytlamak bilen özüni kemçiliklerden çete çekip, olary oba ýerlerindäki agyr ýagdaýlarda aýyplaýar. Berdimuhamedow Ýakyn Gündogarda bolan zatlary gördi we ýakynda Bahreýne sapar etdi. Ol halka ýakyn durmalydygyny we olaryň goldawynyň möhümdigini bilýär. Şonuň üçin-de, ol oba ýerlerindäki agyr ýagdaýlar prezidentiň däl-de, ýerli häkimlikleriň kemçiligi diýdirmekçi bolýar”.

“Öň düzülen sistema”

Berdimuhamedow geçen anna güni eden çykyşynda Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş, durmuş şertlerini Ýewropanyň ösen ýurtlarynyňka ýetirmegi maksat edýändigini aýtdy. Brýus Panniýeriň pikiriçe, muňa Türkmenistanyň maliýe mümkinçiliginiň bar bolmagy mümkin: “Emma men, şuňa meňzeş beýanaty eşidenimde, 90-njy ýyllaryň başlarynda Nyýazowyň Türkmenistany “ikinji Kuweýte” öwürmek baradaky wadasy ýadyma düşýär. Bu hiç wagt bolmady”.

Soňra Panniýer şeýle diýýär: “Häzir Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş şertlerini ösen ýewropa ýurtlarynyň deňine ýetiriljekdigini aýdýar. Bu ajaýyp ideýa. Emma munuň üçin ummasyz pul, adalatly resmiler gerek. Olar döwletiň puluny niýetleniși ýaly öz ýerinde harçlamaly. Emma bu düzgün Türkmenistanda garșsyzlyk döwründe hiç bolmandy. Ol pul däl-de, resmileriň erki we türkmen jemgyýetindäki korrupsiýa problemasy”.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin prezidente ýüzlenip ýazan makalasynyň ahyrynda şeýle diýýar: “Sen şu wagta çenli bir zat diýdiň, emma başga zat edildi. Bu bir sistema. Ol sen prezident bolmazyňdan öň düzülipdi we henize çenli hem işleýär. Emma şeýle sistema möwritini ötürdi we ony üýtgetmek gerek”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG