Sepleriň elýeterliligi

Germaniýaly ministr “Googleberg” wezipesinden gidýär


Germaniýanyň metbugaty Güttenbergi “Googleberg” diýip atlandyrdy.

Germaniýanyň metbugaty Güttenbergi “Googleberg” diýip atlandyrdy.

Germaniýanyň goranmak ministri Karl-Teodor zu Güttenberg plagiatda aýyplanyp, wezipesinden gitdi. Bu dawa Germaniýanyň konserwatiw hökümetini erbet sarsdyrdy.

Güttenberg doktorlyk işini ýazanda plagiatçylyk etmekde, ýagny başganyň pikirini ogurlamakda aýyplanýar. Ol sişenbe güni Berlinde geçiren metbugat konferensiýasynda işden gitmek kararynyň özüne agyr düşendigini aýtdy: "Syýasy edaradan gidýändigimi dostlukly söhbetdeşlikde kansleriň dykgatyna ýetirdim. Şeýle-de wezipämden boşadylmagymy haýyş etdim. Bu meniň ömrümdäki iň agyr pursat boldy”.

Geçen hepde 39 ýaşly aristokrat we ozalky maliýe ministri, soňraky goranmak ministri öz dissertasiýa işinde kemçilikleriň bardygyny boýun alanyndan soň, Baýroýt uniwersitetiniň Hukuk fakulteti onuň doktorlyk derejesini ýatyrdy. Ol uniwersitetden ötünç sorasa-da, gönüden-göni plagiata baş goşandygyny boýun almady.

Emma Germaniýanyň metbugaty Güttenbergi “Googleberg” diýip atlandyryp, onuň 2006-njy ýyldaky “Ýewropa Bileleşiginde we Birleşen Ştatlarda konstitusion hukugyň özgerişi” atly dissertasiýasynyň ençeme sahypalaryny çap etdi. Bu böleklerde ýerleşdirilen maglumatlar gös-göni gazet makalalaryndan hem beýleki akademiki dissertasiýalardan düzüwli düşündiriş berilmezden, göçürilipdir.

Güttenberg bu dawalaryň özüni halys güýçden gaçyrandygyny aýtdy: "Men elmydama-da göreşmäge taýýardym, ýöne men eýýäm öz güýjümiň ahyrky çäklerine ýetdim”.

Öz aýtmagyna görä, ol bu dissertasiýa bilen bagly galmagalyň mundan beýläk-de zyýan ýetirmek howpunyň öňüni almak maksady bilen işden gidipdir: "Meniň edarama, Ýaragly güýçlere, Akademiýa we partiýalara gelip biljek zyýanyň öňüni almak üçin, men bu netijä geldim, men bular ýaly hereketi başga biri bolsa-da, talap ederdim. Ähli kişiler ýaly, men hem özümiň gowşak ýerlerimi we ýalňyşlarymy boýun almaly”.

Germaniýanyň meşhur kansleri bolan Otto Won Bismarkyň ýuwlugyna öýlenen Güttenbergiň işden çekilmegi Merkel üçin has uly zarba boldy. Merkel ony dawaly ýagdaýlarda goldap gelýärdi.

Duşenbe güni 23,000 student we başga adamlar Merkeliň ony goramak kararyny ýazgaryp, kanslere açyk hat ýolladylar.

Güttenbergiň işden gitmek karary Merkeliň Hristian demokratik partiýasynyň şu aýda ýurduň üç ştatynda saýlawlary geçirmäge taýýarlyk görýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG