Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi


Mejlisde güýç gulluklarynyň maddy-tehniki bazasyny mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleler barada maslahat edildi.

Mejlisde güýç gulluklarynyň maddy-tehniki bazasyny mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleler barada maslahat edildi.

Çarşenbe güni Türkmenisatanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

TDH bu mejlisde harby we kanun goraýjy organlaryň 2011-nji ýylyň iki aýyndaky işleriniň jemlerine seredilendigini, şeýle-de güýç gulluklarynyň maddy-tehniki bazasyny mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleler barada maslahat edilendigini ýazýar.

Prezident Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň rektory M.Hezretowy işden boşadyp, onuň ýerine Ý.Muhammetgulyýewi belledi, Gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýewe bolsa, gol astyndaky işgärleriniň arasynda tertip-düzgüni gowşadany üçin berk käýinç berdi.
XS
SM
MD
LG