Sepleriň elýeterliligi

Fransuz harby deňiz güýçleri Liwiýa dikuçar göteriji iberýär


Fransiýa Liwiýa suwlaryna özüniň ikinji uly uruş gämisini, dikuçar göteriji Mistraly iberýändigini aýdýar. Bu gämi bosgunlary ewakuasiýa etmäge kömekleşmeli.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Mistralyň Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylygyndaky planyň bir bölegi bolup, Kaddafi güýçleri bilen gozagalaňçylaryň arasyndaky söweşden gaçan müsürli işçileri ýurduna aşyrmaga kömek etmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG