Sepleriň elýeterliligi

Belarus oppozisiýa aktiwistleriniň üçüsini türmä basýar


Belarus sudy dekabrda prezident Aleksandr Lukaşenkonyň gaýtadan prezident saýlanmagyna garşy geçirilen protestlere gatnaşmakda aýyplanan üç aktiwiste dört ýyla çenli türme tussaglygyny berdi.

AFP habar gullugy oppozisiýa kandidaty Andreý Sannikowyň sözçüsi Aleksandr Otroşçenkowyň iň kän ýyl alandygyny habar berýär.

19-njy dekabrda oppozisiýanyň Lukaşenkonyň gaýtadan saýlanmagyna garşy geçiren protestleri güýç bilen basylyp ýatyrylypdy we günbatar döwletleri bu ýagdaýy ýazgaryp çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG