Sepleriň elýeterliligi

HHKG howa hüjüminde ölen owgan çagalary üçin ötünç soraýar


NATO-nyň Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri (HHKG) Kunar welaýatynyň Darah-e Peç etrabynda howa hüjüminde öldürilen 9 çaganyň jogapkärçiligini boýun aldy we olar üçin ötünç sorady.

Goşun komandiri, general Deýwid Petreusyň beýanatynda «biz bu betbagtçylyga gaty gananýarys we owgan hökümetiniň agzalaryndan, owgan halkyndan we biziň hereketlerimiz netijesinde ölenleriň aman galan maşgala agzalaryndan ötünç soraýarys» diýilýär.

Çarşenbe güni owgan obalaryndan ýüzlerçe adam çagalaryň öldürilmegine garşy protest bildirdi.
XS
SM
MD
LG