Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Frankfurt aeroportunda amerikan esgerlerine hüjüm edildi


Germaniýanyň Frankfurt aeroportunda bolan hüjümde ABŞ-nyň Howa güýçleriniň harby polisiýasynyň 2 ofiseri öldürildi, 2-si bolsa ýaralandy.

Bu hüjüm Kosowa asylly adam tarapyndan edilendir öýdülýär.

“Associated Press” gürrüňi edilýän hüjümçiniň maşgalasyna salgylanyp, onuň 21 ýaşly Arif Ukadygyny, aslynyň Kosowanyň Mitrowisa şäheriniň töwregindendigini ýazýar.

Ol çarşenbe güni ABŞ-nyň Howa güýçleriniň Frankfukrt aeroportundan awtobusly Ramsteýin howa bazasyna barýan goşunlaryna ok atandan soň tussag edildi.
XS
SM
MD
LG