Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň azlyklar ministri Talyban hüjüminiň pidasy boldy


Pakistanyň dini azlyklar ministri Yslamabatda ýaragly hüjümiň pidasy boldy.

Polisiýa ýaragly adamlaryň öz öýünden işe barýan ministr Şabhaz Bhattini oka tutandyklaryny aýtdy.

Pakistan Talybany bu hüjümiň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

Bhatti pakistan hökümetindäki ýeke-täk hristiandy. Yslamçy jeňçiler oňa Pakistanyň yslama şek ýetirene ölüm jezasyny bermegi ündeýän kanunyna garşy çykany üçin haýbat atypdylar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Neýwi Pillaý ministriň öldürilmegini ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG