Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa gozgalaňçylary nebit portunda Kaddafiniň güýçlerini ýeňdiler


Pinteçi söweşijileriň günorta Liwiýanyň nebit şäheri bolan Bregada Kaddafä wepaly esgerleriň şäheri yzyna almak synanyşygyny serpikdirendigi habar berildi.

Kaddafiniň güýçleri çarşenbe güni irden bu şäher iki hepde ozal protestçileriň eline geçeli bäri birinji gezek günorta tarapa hereket etdiler.

Habarlarda Brega ugrundaky söweşde Kaddafä garşy söweşijileriň azyndan 10-synyň öldürilendigi, 18-siniň bolsa ýaradar bolandygy aýdylýar.

Bregada Liwiýanyň ikinji uly nebit kärhanasy ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG