Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Liwiýa harby interwensiýa ähtimallygyny duýdurýar


ABŞ pitneçiler bilen Kaddafä ygrarly güýçleriň arasynda söweşleriň dowam etmegi netijesinde Liwiýa halkara harby interwensiýasynyň ähtimallygyna yşarat edýär.

Goranmak sekretary Robert Geýts çarşenbe güni Liwiýa garşy uçmasyz zona düzgünini girizmek uruş yglan etmek bilen deňeçer bolar diýdi.

Ol uçmasyz zona düzgüniniň Liwiýa garşy hüjüm bilen başlanjagyny, sebäbi munuň üçin bu ýurduň howa goranyşyny weýran etmelidigini aýtdy.

Ak Tam Waşingtonyň ýagdaýy seljermegini dowam etdirýändigini, entek hiç bir ähtimallygyň aradan aýrylmandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar eýýäm iki sany harby deňiz hüjüm gämisini Ortaýer deňzine süýşürdi we Kaddafini häkimiýetden çekilmäge çagyrdy.

Liwiýada barýan söweşlerde gozgalaňçylaryň Kaddafä wepaly güýçleriň Brega şäherini gaýtaryp almaga eden synanyşygyna gaýtawul berendigi aýdylýar.

Kaddafi iň soňky aýal-erkege çenli söweşjegini we eger günbatar güýçleri ýurda girse, müňläp adamyň öljegini aýdyp, haýbat atýar.
XS
SM
MD
LG