Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Düýpli özgertmeleriň haýal depgini


Lebap welaýatynyň Garabekewül, Halaç etraplarynyň çäklerinde magistral ýoluň ugrunda ilata uzak möhletleýin ýeňillikli kreditiň hasabyna satmak üçin onlarça jaýlar guruldy.

Lebap welaýatynyň Garabekewül, Halaç etraplarynyň çäklerinde magistral ýoluň ugrunda ilata uzak möhletleýin ýeňillikli kreditiň hasabyna satmak üçin onlarça jaýlar guruldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň «Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça» milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişindäki öňe gidişlikler soňky iki ýylyň dowamynda äşgär göze ilýär. Emma bu ugurdaky ýetmezçilikler hem aradan aýrylyp gidiberenok.

Uzak möhletli, ýeňillikli kreditleriň hasabyna gurulýan jaýlardan satyn almak islegi bolan ýaşaýjylaryň sany oba ýerlerinde has hem artdy. Ýurduň ähli etraplarynda şular ýaly jaýlarda eýýäm ýaşap oturanlaryň sany ýüzlerçe. Emma jaýa mätäçler, ýeňillikli kreditlerden peýdalanyp jaýly bolmak isleýänleriň sany her etrapda müňlerçe.

Ilatyň isleginiň artýandygyna seretmezden, gurluşyk işlerini alyp barýan gurluşyk edaralarynda, firmalarda gurluşyk materiallarynyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli gurluşyklarda uly bökdençlikler bolup durýar.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Gurbandurdynyň aýtmagyna görä, onuň özi üçin bölünip berlen 10 sotok mellek ýerine jaý gurmak üçin gerek bolan gurluşyk materiallaryndan diňe bişen kerpiç düşürilipdir. 3 aýyň geçendigine seretmezden, jaýyň gurluşyk işlerine heniz başlanmandyr. Sement, şifer ýetmezçiligi, jaýyň üçegini ýapmak üçin beton plitalaryň ýetmezçiligi aradan aýrylmaýar. Zerur bolan ähli materiallary jemläp bilmedik gurluşyk edaralary jaýyň gurluşygyna başlamaýarlar.

Ozalky ýyllarda ýetmezçilik edip gelen penjireleri, gapylary häzir islän ölçegiňde buýrup alyp bolýar. Gurluşyk materiallary satylýan dükanlarda hem zerur bolan ownuk-uşak ähli materiallar tapdyrýar. Iş tapdyryp dursa, işçi güýji hem ýeterlik. Emma Türkmenistanyň öz çig mal serişdeleriniň hasabyna gurluşyk üçin gerek bolan gurluşyk materiallaryny öndürmek geregiçe ýola goýulmaýar, şol sebäpden hem has öndürijilikli bolmaly ýaşaýyş jaý gurluşygy ilatyň isleginden yza galýar.

Onlarça ýyl bäri mellek ýerleriniň bölünip berilmändigi sebäpli oba ýaşaýjylarynda jaý ýetmezçiligi örän ýiti duýulýar. Köp çagaly maşgalalarda 3-4 ogluny öýerip, olary özbaşdak hojalyk edip bilmän oturan ýaşaýjylar näçe diýseň bar. Has hem ýaş çatynjalar jaýsyzlykdan kösenýärler.

Lebap welaýatynyň Garabekewül, Halaç etraplarynyň çäklerinde magistral ýoluň ugrunda ilata uzak möhletleýin ýeňillikli kreditiň hasabyna satmak üçin onlarça jaýlar guruldy, ýöne welin ol jaýlaryň bahasy ilatyň elýeterinden has ýokary. Içine tebigy gaz, elektrik liniýalary çekilmedik, iki otagdan ybarat, üsti şifer bilen ýapylmadyk jaýlaryň bahasy 19 million manada barabar. Lebaply Orunbaýyň aýtmagyna görä, häzirlikçe bu jaýlarda hiç kimiň ýaşamaýanlygy sebäpli, olar ýoluň ugrunda garalyp dur.

Jaýlar ilatyň ýaşamagy üçin ähli şertleriň berjaý edilen halatynda satuwa çykarylsa, has peýdaly boljak diýip, Orunbaý aýdýar. Onuň gürrüňlerine görä, häzirlikçe çopanlardan başga adam bu jaýlardan almaga isleg bildirenok.

Oba adamlary ilatyň ýaşaýyş jaýa bolan isleginiň kanagatlandyrylmagy üçin hususy gurluşyk firmalarynyň sanynyň artdyrylmagynyň, ýerli gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň geregiçe ýola goýulmagynyň işleri ilerletjekdigini aýdýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG