Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlara taýýarlyk kampaniýasy


Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän mekdebiň okuwçysy özüniň geljekde diplomat bolmak arzuwynyň bardygyny aýdyp, Berdimuhamedowy haýran galdyrdy.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän mekdebiň okuwçysy özüniň geljekde diplomat bolmak arzuwynyň bardygyny aýdyp, Berdimuhamedowy haýran galdyrdy.
28-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynda iş sapary bilen boldy. Mundan ozal şeýle saparlary prezident Balkan, Mary, Lebap, Ahal welaýatlarynyň etraplarynda amala aşyrypdy.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň 65 etrabyna sapar edip, ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen içgin tanyşmakçy bolýandygy barada aýdylýar.

«Duýdansyz sapar» diýlip ýerli medianyň habar berýändigine garamazdan, prezidentiň bu saparlaryna öňünden ymykly taýýarlyk işleriniň görülýändigini duýmak kyn däl.

Hususan-da, mekdep okuwçylary bilen prezidentiň duşuşyklary muny aýdyň görkezýär. Her gezekki duşuşykda okuwçylar özleriniň geljekde saýlap almakçy bolýan hünäri barasynda ýurt baştutanyna gürrüň berýärler. Olaryň köpüsi prezidentleri deý lukman bolasy gelýär.

Dogrusy, prezidentiň ýörite öz mekanlaryna gelip, hallaryndan habar almagyna ýerli ilatyň göwünleri şat bolýar. Her etraba baranda prezident täze mekdepleri, sport desgalaryny, medeniýet öýlerini gurmaga görkezme berýär. Prezidentiň bu aýdanlaryna ýerli ilat guş bolup uçýar.

Emma prezidentiň bu görkezmeleriniň ýörite döwlet maksatnamasy hökmünde mundan 4 ýyl ozal kabul edilendiginden welin hiç kimiň habary-da ýok.

2007-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin” milli maksatnamasynda Berdimuhamedowyň Balkan, Lebap, Mary, Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň etraplaryna baryp, täze gurulmaly diýip aýdan desgalarynyň ählisiniň sanawy ýyllar boýunça kesgitlenip dur. Emma muňa garamazdan, milli maksatnamada planlaşdyrylan görnüşde gurulmaly desgalara aýratyn bir uly röwüş çaýylyp, ol prezidentiň kultuny galdyrmakda giňden peýdalanylýar.

Eýsem-de bolsa, bu «duýdansyz saparlaryň» aňyrsynda nämeler ýatyrka?

Resmi taýdan bu saparlara prezidentiň halkyň hal ýagdaýy bilen tanyşmak üçin amala aşyrýan iş saparlary diýlip atlandyrylsa-da, tutuş ýylyň dowamynda Berdimuhamedowyň ýurduň ähli etraplaryna aýlanyp çykmagy onuň prezident saýlawlaryna öňünden taýýarlyk çärelerini görýändiginden habar berýän bolup biler.

Prezident saýlawlary barada häzir ýurduň mediasynda hiç hili habar berilmeýär. Saýlawlar aslynda geçiriljekmi, oňa Berdimuhamedow hem öz kandidaturasyny hödürlejekmi ýa hödürlemejekmi, eger-eger ýekeje agyz-da habar ýok.

Ýöne Berdimuhamedowyň ýurduň etraplaryna edýän saparlaryndan çen tutsaň, onda 2012-nji ýylyň fewralynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň alternatiw boljaklygyny aňladýar.

Giden bir döwletiň ähli ulgamyny öz elinde saklap oturan Berdimuhamedowa saýlaw kampaniýasyny şowhunly hem dabaraly geçirmek juda ýeňil düşýär. Döwletiň serişdelerine saýlaw kampaniýalaryny geçirmek, umuman, aňsat. Ýöne saýlawlar ýakynlanda Berdimuhamedowyň garşysyna öz kandidaturalaryny görkezjek bäsdeşlerde şeýle mümkinçilikler bolarmyka beri? Olaryň saýlaw kampaniýalaryny kimler maliýeleşdirer?

Aslynda saýlawlara kandidatlar nähili saýlanylyp alnarka? Bu barada häzir hiç hili maglumat hem, çaklamalar hem ýok.

Geçen gezekki saýlawlar

Geçen gezekki prezident saýlawlary, Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan bäri, ilkinji gezek köp dalaşgärleriň gatnaşmagynda geçirilen saýlaw bolupdy. 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň nobatdan daşary XVIII Halk Maslahatynda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy zerarly, prezidentlige kandidat hökmünde ýurduň her welaýatyndan bir dalaşgär görkezildi. Diňe Mary welaýaty Berdimuhamedowyň kandidaturasynyň özlerini kanagatlandyrýandygyny mälim etmek bilen, öz welaýatlaryndan prezidentlige kandidat görkezmekden saklanypdylar. Netijede saýlawlara jemi alty sany kandidat gatnaşypdy.

Ine, olaryň sanawy:

Nuryýew Işanguly — Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň orunbasary;

Garajaýew Orazmyrat — Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň häkimi;

Pomanow Aşyrnyýaz Amanmämmedowiç — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi;

Atajykow Amanýaz — Daşoguz welaýatynyň häkiminiň birinji orunbasary;

Gurbanow Muhammetnazar — Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň häkimi;

Berdimuhammedow Gurbanguly Mälikgulyýewiç — Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.


Geçen gezekki prezident saýlawlary, Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan bäri, ilkinji gezek köp dalaşgärleriň gatnaşmagynda geçirilen saýlaw bolupdy.
Hatda oturan wezipelerinde-de heniz tejribe toplap ýetişmedik welaýatlardan görkezilen kandidatlar ýurduň prezidentligine bolan dalaşgärlige goýberilenlerinde juda aljyradylar. Olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary biri-biriniňkiden tapawutlanmaýardy. Halkyň öňünde olar wadalary juda seresap berýärdiler.

Ilkinji gezekki geçirilen teledebatda žurnalistleriň ýurduň intelligensiýasynyň jaý meselesindäki kösençligi nähili çözmekçidikleri barasyndaky beren soragyna iki sany kandidatyň näme jogap berjegini bilmän oturandygyny telewideniýäniň işgärleri häzir hem ýatlaýarlar. Elbetde, bu soragy kandidatlar jogapsyz galdyrypdylar, şonuň üçin ol sorag efire-de goýberilmändi.

Şondan soň, žurnalistlerden şeýle soraglary berip, kandidatlary aljyratmazlyk barada berk görkezme berlipdi.

Şu wakajygyň özi-de prezidentlige kandidat kişileriň ýöne bir mysal üçin saýlawlara gatnaşdyrylanlygynyň subutnamasy bolupdy.

Ilat arasynda şol wagt prezidentlige dalaş eden kandidatlaryň biriniň-de ady häzir ýatda däl. Munuň hem sebäbi prezidentlige dalaş etmäge görkezilen şol kandidatlaryň ýasama, emeli döredilenligi üçindir.

2007-nji ýylyň prezident saýlawlary duýdansyz ýüze çykypdy. Ol dury asmanda ýyldyrym çakan ýaly bir zat bolupdy. Hemmeler aljyraňňy ýagdaýda bolansoň, prezidentlige kandidat hökmünde kimleri görkezip-görkezmeli däldigi barada maslahatlaşmaga-da wagt tapmady. Ähli zat göz-açyp ýumasy salymda, äm-sämlikde boldy. Adamlar Halk Maslahatynda gelnen netijeler bilen kanagatlanmaly bolupdylar.

Emma geljek ýyldaky prezident saýlawy başgaça saýlaw. Adamlar indi boş wadalardan doýdy. Olar geljekki saýlawlarda özleriniň mynasyp kandidatyny göresleri gelýär. Ýurtda reformalary iş ýüzünde amala aşyrjak baştutany saýlaslary gelýär.

Prezident saýlawlaryna wagt gitdigiçe azalýar. Ýurduň häzirki prezidentine garşy görkeziljek kandidatlar hakda ýeke agyz söz aýdylmasa-da, şu wagtky prezidentiň saýlaw kampaniýasy eýýäm bat aldy.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG