Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama öldürilen owgan çagalary üçin gynanjyny beýan edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýa amerikan ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa zarbasyndan ölen dokuz çaga üçin çuňňur gynanjynyn beýan etdi.

Ak Tam Obama bilen Karzaýyň ikinji gün Kunar welaýatynda bolan hadysa barada üçünji gün, wideo telekonferensiýa arkaly bir sagat gürrüň edendiklerini aýtdy.

Ak Tam iki prezidentiň şeýle hadysalaryň terrorçylyga garşy söweş boýunça bilelikdäki tagallalara zyýan ýetirýändigi barada bir pikire gelendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG