Sepleriň elýeterliligi

Tunis Konstitusiýa assambleýasyny saýlamakçy


Tunisiň geçiş prezidenti Tunisiň 24-nji iýulda Konstitusiýa assambleýasyny saýlamak üçin saýlaw geçirjegini aýtdy.

Konstitusiýa assambleýasy demirgazyk Afrika ýurdunyň täze konstitusiýasyny ýazmaly.

Geçiş prezidenti Fouad Mebazaa saýlawyň geçjek gününi 4-nji gün milli telewideniýe arkaly yglan etdi.

Ol täze konstitusiýanyň «halkyň islegleriniň we rewolýusiýanyň prinsipleriniň aýnasy bolmalydygyny» aýtdy.

Ol özüniň we häzirki wagtlaýyn hökümetiň bolmanda saýlaw geçýänçä häkimiýetde galmakçydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG