Sepleriň elýeterliligi

Obama: «Kaddafi kanunylygyny ýitirdi, gitmeli»


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi kanunylygyny ýitirdi we wezipeden gitmeli diýdi.

Obama bu sözleri Ak Tamdaky metbugat ýygnagynda Liwiýadaky ganly gozgalaň barada eden gürrüňinde aýtdy.

Düýbi Gaagada ýerleşýän Halkara jenaýat sudy biraz öň özüniň Kaddafiniň we onuň ýakyn töwereginiň, şol sanda ogullarynyň işini derňejekdigini, olaryň graždan adamlary öldürmek bilen adamzada garşy jenaýatda güman edilýändigini aýtdy.

Halkara jenaýat sudunyň baş prokurory Luiz Moreno-Okampo Kaddafiniň howpsuzlyk güýçleri Liwiýanyň birnäçe şäherinde parahat demonstrantlara hüjüm etdi diýdi. Ol Liwiýada «jezadan gutulanyň bolmajagyny» wada berdi.

Bu beýanat Kaddafä tarapdar güýçleriň günorta Liwiýada pitneçileriň eline geçen şäherlere garşy täze howa zarbalaryny urup başlan wagtyna gabat geldi.

Halkara gyzyl haç guramasy hem, Misratanyň golaýynda «Tiz kömek» maşynlarynyň ikisi oka tutulandan soň, Liwiýada saglyk işgärlerini hormatlamaga çagyryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG