Sepleriň elýeterliligi

MTS: türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak howply


MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda iş alyp barmak boýunça lisenziýasy geçen ýylyň dekabrynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan togtadyldy.

MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda iş alyp barmak boýunça lisenziýasy geçen ýylyň dekabrynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan togtadyldy.

Orsýetiň iri mobil operatory MTS Singapurda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2011” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara 3-nji martda açyk hat ýollady. Bu hatda Türkmenistanyň ykdysadyýetine inwestisiýa etmegiň howplary nygtalýar.

MTS kompaniýasy, özüniň Türkmenistandaky tejribesini mysal getirip, daşary ýurt inwestorlaryna Türkmenistanda iş alyp barmagyň ygtybarlylygyny sorag astyna alýar we daşary ýurt kompaniýalaryna bu barada duýduryş berýär.

Bu açyk hatda, hususan-da şeýle diýilýär: “MTS Türkmenistandaky iň uly inwestorlaryň biridi. Emma MTS-iň Türkmenistanda soňky ençeme aýyň dowamynda biznesi ýöretmek tejribesi Türkmenistanda sermaýa ýatyrmak isleýän beýleki kompaniýalar üçin hem peýdaly duýduryş bolup biler”.

MTS kompaniýasynyň metbugat wekili Irina Osadçaýa bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Biz halkara jemgyýetçiligini we beýleki halkara guramalary Türkmenistandaky töwekgelçilikler barada habardar etmekligi borjumyz hasaplaýarys”.

MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda iş alyp barmak boýunça lisenziýasy geçen ýylyň dekabrynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan togtadyldy. Bu sebäpli MTS-iň 2 milliondan gowrak müşderisi mobil aragatnaşyk hyzmatyndan mahrum boldy.

Bu ýagdaý barada Osadçaýa şeýle gürrüň berýär: “21-nji dekabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi tarapyndan, hiç hili düşündiriş berilmezden, MTS kompaniýasynyň lisenziýasy togtadyldy. Lisenziýanyň togtadylmagy bilen bagly meselä garamak möhletiniň 21-nji ýanwarda tamamlanandygyna garamazdan, biziň işimiz täzeden ýola goýulmady. Bu ýagdaý bilen baglylykda bize häzire çenli kanuna esaslanýan hiç hili düşündiriş hem berilmeýär”.

Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew MTS kompaniýasynyň lisenziýasynyň togtadylmagynyň sebäplerini Türkmenistan häkimiýetleriniň MTS-iň eýeçiligindäki aksiýalaryň has köp bölegine eýe bolmak islegi bilen baglanyşdyrýar.

Maglumat monopoliýasy

Käbir synçylar MTS-iň Türkmenistandan çykarylmagynyň arkasynda türkmen häkimiýetleriniň ýurda has berk gözegçilik etmek isleginiň durandygyny hem nygtaýarlar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer şeýle pikirde: “MTS barada gürrüň edilende, asyl mesele bu Türkmenistandaky MTS-iň müşderileriniň başga çeşmelerden maglumat almak ýa-da daşary ýurtlular bilen habarlaşmak howpudyr. Sebäbi häkimiýetler ýurduň içindäki maglumatlar we maglumat alyşmak boýunça monopoliýany saklajak bolýarlar. Şol sebäplem olar MTS-iň döredýän mümkinçiliklerine ýol bermek islemediler”.

Türkmenistan her dürli özüne çekiji usullar, sergiler, konferensiýalar, forumlar bilen daşary ýurt kompaniýalaryny ýurtda sermaýa ýatyrmaga çekmek ugrunda tagalla edip gelýär. Emma Brýus Panniýer Türkmenistanda biznesi ýöretmegiň häkimiýet başyndakylara baglydygyny nygtaýar.

“Türkmenistanda biznes edeniňde, juda ätiýaçly bolmaly. Sebäbi ýagdaýlar juda tiz we duýdansyz üýtgäp bilýär. Türkmen häkimiýetleri, häkimiýet diýmek bilenem men göni prezidentiň özüni göz öňünde tutýaryn, käbir kontraktlary özüne bähbitli däl ýa-da kompaniýalar Türkmenistanda onuň șahsy islegine görä iş alyp baranok diýip hasaplasa, artykmaç oýlanmazdan, beýle kontraktlary ýüzüniň ugruna ýatyrýar oturyberýär” diýip, Panniýer aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Șeýle ýagdaý dörände, muny seljermek üçin Halkara suduna ýa-da başga bir ýerlere arz etmek hem mümkin däl. Elbetde, Türkmenistanda uly girdeji gazanmak mümkinçilikleri bar, ýöne munuň bilen bir pursatyň içinde kontrakty, inwestisiýany ýitirmek howpy hem bar” .

MTS-iň metbugat wekili Irina Osadçaýanyň aýtmagyna görä, MTS kompaniýasy Ženewada ýerleşýän Halkara söwda palatasynyň Halkara Arbitraž suduna öz Türkmenistandaky bölümi BCTI bilen bilelikde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň üstünden şikaýatyny ugradypdyr.

“Agzalan sud instansiýasyna “Türkmen Telekom” we ”Altyn Asyr” aragatnaşyk kompaniýalarynyň biziň türkmen bölümimiz bilen bar bolan ylalaşygy hiç hili esassyz bes etmegine garşy BCTI kompaniýastynyň arzasy hem ugradyldy. Mundan başga-da ýanwarda MTS Türkmenistanyň hökümetine ähli düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmegi teklip edip, resmi hat ýollady” diýip, Osadçaýa aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG