Sepleriň elýeterliligi

Aýa deňelen gawun dilimi


Anna Ahmatowa
Beýik rus şahyry Anna Ahmatowanyň aradan çykanyna 45 ýyl boldy. Ol 1889-njy ýylyň 11-nji iýunynda dünýä inip, 1966-njy ýylyň 5-nji martynda hem Moskwanyň etegindäki sagaldyş merkezinde aradan çykypdy.

Anna Ahmatowa öz döredijiliginde ruslaryň tutuş ýarym asyrlyk taryhyny örän açyk hem dogruçyl beýan etdi. Sebäbi ol rus halkynyň XX asyrdaky iň agyr hem galagoply 50 ýyllyk taryhynyň bar azabyny öz başyndan geçiripdi.

Anna Ahmatowa döredijilik işine ir başlapdy. Ilkinji goşgusy 17 ýaşynda çap edilip, ilkinji şöhrata hem 23 ýaşynda eýe bolupdy. Şondan ömrüniň iň soňky gününe çenli onuň elinden galamy düşmändir. Ol öz döwrüniň ähli progressiw pikirli ýazyjy-şahyrlary bilen gatnaşyk açypdyr hem güýjünde baryndan olary goldapdyr. Ony dogruçyllygy, hak sözi üçin synpy toparlar halamandyrlar. Proletar şahyry däl diýip, 1925-nji ýylda Bütinrussiýa Ýazyjylar birleşiginiň hataryndan çykarypdyrlar. Sowet ideologiýasyna ters gelýän zatlary ýazdyň diýip, ony 1946-njy ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň hataryndanam çykarýarlar.

Anna Ahmatowa türmä basylmasa-da, köp gezek türmäniň gapysyndan garamaly bolupdy. Onuň ilkinji adamsy Nikolaý Gumilýow, rus patyşasynyň goşunynda ofiser bolup gulluk edeni üçin, 1921-nji ýylda tussag edilýär hem üç hepdeden soň atylyp öldürdilýär. Onuň ogly Lew Gumilýowy üç gezek tussag etdiler. Ýeri gelende aýtsak, L.N. Gumilýowyň gadymy oguzlar baradaky işleri türkmen intelligensiýasynyň arasynda giňden mälimdir.
Anna Ahmatowanyň soňky adamsy N. N. Punin hem iki gezek tussag edilip, soňky gezeginde lagerde ölüpdi.

Anna Andreýewnanyň özi-de ömrüniň ahyrynda işsiz hem jaýsyz galýar. Aýratynam oňa 50-nji ýyllar aşa agyr düşýär. Şeýle-de bolsa, şahyr ruhdan düşmän, göreşdi hem döretdi. Onuň ýanbermez beýik erki hem ýiti sözi 60-njy ýyllarda tutuş Günbatarda ykrar edildi, onuň şöhraty dünýä ýaýrady.

Anna Ahmatowadan baý edebi miras galdy. Onuň göwher daşlaryna meňzedilýän goşgy setirleriniň arasynda bir dilim türkmen gawunynyň hem şekili bar. Türkmen gawunynyň tagamy şahyryň bir setirini bezeýär.


Etýud


Anna Ahmatowa

Çärjewiň bir dilim gawuny deýin,
Aý ýatyrka erňeginde penjiräň,
Dem almak kyn wagty petiş howadan,
Gök daragt biline orap şahasyn,
Öýi jadylanda – gapysyn baglap,
Toýundan okaraň buz ýaly suwy,
El-ýüz süpürilýän gar ýaly sylgyç,
Çagalyk ýyllary ýatladýan şemiň
Kebelek çagyryp ýanýan mahaly,
Meniň sözlerime etmän pitiwa,
Ümsümligiň deşýän wagty gulagňy, --
Alnan dek Rembrandtyň suratlaryndan,
Birden zompa çykyp nämedir bir zat,
Ýene gara çüňke siňip gidýärkä,
Ne bir tisginerin, ne-de gorkaryn...
Bärde meni tora saldy ýekelik.
Şar gara pişigi öý bikesiniň
Ýüzýyllyklaň gözi bilen seredýär.
Aýnadan ýene bir men bolup bakýan
Ýüz öwürýär maňa kömek etmekden.
Men-ä häzir süýji uka bataryn,
Seňem gijäň rahat bolsun, eý, gije!

28 mart, 1944, Daşkent.

Terjime eden Şiraly Nurmyrat.
XS
SM
MD
LG