Sepleriň elýeterliligi

Interpol Muammar Kaddafiniň howpludygyny duýdurýar


Paýtagt Tripoliden günbatardaky Ez-Zawiýa şäheri ugrundaky söweşlerde köp adamlaryň ölendigi hem ýaralanandygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Ýerli ýaşaýjylara salgylanmak bilen habar agentlikleri Muammar Kaddafä wepaly güýçleriň şäheri oka tutanda 30-a çenli adamyň ölendigini habar berýärler.

Döwlet telewideniýesi şäheriň eýelenendigini habar berdi, ýöne gozgalaňçylaryň wekilleri Ez-Zawiýa şäherini elde saklaýandyklaryny aýdýarlar.

Mundan öň Kaddafiniň tarapdarlary ýurduň gündogaryndaky Ras-Lanuf şäherini alandyklaryny habar berdiler.

Halkara polisiýa guramasy Interpol anna güni Kaddafiniň we onuň ýakyn töwereginden 15 adamyň howpludygyny duýdurdy.

Halkara jenaýat sudy Kaddafiniň adamzada garşy jenaýaty amala aşyrmakda şübhenilýändigini derňemäge girişdi.

Muammar Kaddafä parahat demonstrasiýaçylary daragadanda ýarag güýjüni ulanmakda şübhe bildirilýär.
XS
SM
MD
LG