Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ene mährin» alanlar


«Ene mähri» diýen hormatly at alan Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy Äşegül Ýusubowa.
«Ene mähri» diýen hormatly at alan Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy Äşegül Ýusubowa.

Halkara zenanlar Güni bolan 8-nji mart baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz we sekizden köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren türkmenistanly zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy.

Bu Permanda şeýle diýlip bellenilýär: «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda türkmen jemgyýetiniň jebisligini we sazlaşykly ösüşini üpjün edýän maşgala ojaklarymyzyň abadançylygynyň hem-de mäkämliginiň sarsmaz sütünleri bolan mährem enelerimiziň sarpasyny has-da belende götermek, Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň geljegi bolan sagdyn, ruhubelent hem-de bagtyýar nesillerimizi Watana, mähriban halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň bitirýän çäksiz hyzmatlaryna aýratyn hormat goýmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda karar edýärin»

«Ene mähri» diýen hormatly at geçen ýyl 115 zenana dakylypdy. Bu ýyl ol at 187 zenana dakyldy. Sylaga mynasyp bolanlaryň sanawy metbugatda çap edildi.

Metbugatda çap edilen sanawda Aşgabat şäherinden — 3, Ahal welaýatyndan — 19, Balkan welaýatyndan — 13, Daşoguz welaýatyndan — 84, Lebap welaýatyndan — 34, Mary welaýatyndan — 34 enäniň ady getirilýär.

Köp çagaly eneleriň arzuwy

Dogrusyny aýtsaň, çagalarynyň sany sekize ýetýän hem sekizden-de köpelýän eneler özlerine «Ene mähri» diýen adyň dakylaryny arzuwlap gelýärler hem-de özlerine bu adyň dakyljagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Adyň dakylan günlerinde olaryň begenjiniň çägi bolanok.

Bu garaşmalaryň, arzuwlaryň, begençleriň aňyrsynda bolsa ähli eneler üçin bir maksat ýatýar, ýagny köp çagalylygy üçin döwletden jaý almak. Ýogsam bolmasa, nähili at dakylanda-da, ýa-da şol at dakylmanda-da köp çagaly eneler üçin parhy ýok. Soňky wagtlarda yzly-yzyna ýetişýän perzentlere ýaşar ýaly jaý almak uly problema öwrülensoň, köp çaga dogurmak bilen, eneleriň iň uly arzuwy jaýly bolmak.

Sebäbi öňki döwürler on çaga dogurýan aýala öz ýaşap oturan jaýyndan başga-da azyndan 5-6 otagly jaý berlerdi. Ýeňil baha bilen, hiç hili nobata garaşdyrylman awtomaşyn berlerdi. «Gahryman ene» adyny alýan aýallaryň döşe dakylýan nyşany bolardy. Şol nyşan bilen olar ýolagçy transportlaryna mugt münmäge haky bardy. Nyşanyň ýüzünde «Gahryman ene» diýen ýazgy bolardy.

Häzirki günlerde dakylýan «Ene mähri» diýen adyň diňe propagandistik häsiýeti bar. «Ene mähri» ady dakylansoň, hökümetden jaý, mellek ýer diläp arza ýazýan eneleriň sany-sajagy ýok. Ýöne Türkmenistanda häzirki günlerde hiç kime mugtuna jaý berilmeýär. Sebäbi jaýy öýleri ýykylýanlara-da ýetişdirip bolanok.

«Ene mähri» diýen at dogrumy?

Jaý berilmese-de köp çaga dogurýan aýallara nähilidir bir hormatly adyň dakylmagy-da gowy zat. Ýöne köp çagaly enelere hormatly ady dakmak hakynda ilkinji maslahatlar bolan halatynda zehinli söz ussatlary bilen maslahatlaşmaly ekenler. «Ene mähri» diýen ady oýlap tapanlaryň türkmen diliniň stilistikasyndan kän bir baş çykarmaýany bildirýär.

Haýsydyr bir işde gaýrat görkezýänlere dakylmaly at saýlananda salykatlylyk bilen bişirmeli. Meselem, geliň, sözlem düzeliň: «Biziň ýurdumyzda Gaýryman eneleriň ençemesi bar». Indi şu sözlemi «Ene mähri» ady dakylanlaryň manysynda ulanalyň: «Biziň ýurdumyzda «Ene mährileriň» ençemesi bar». Ýa-da ýene bir sözlem düzeliň: «Bu ýygnaga Gahryman eneler hem geldi». «Bu ýygnaga «Ene mähriler» hem geldi.

Öňki «Gahryman ene» diýen adyň ýerini çalyşmak bilen dakylan «Ene mähri» diýen at jüpüne düşmeýär. Eger «Gahryman ene» diýlen sözden ýüz öwürmek isleýän bolsalar, onuň ýerine «Hormatly ene», «Gaýratly ene» diýlen atlary-da dakyp bolardy.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG