Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap


A.Welsapar: "Kitapdan daş durýan adamyň dünýägaraýşy çäkli bolýar".
A.Welsapar: "Kitapdan daş durýan adamyň dünýägaraýşy çäkli bolýar".

Azatlyk Radiosynyň medeniýet baradaky gepleşigi bu gezek kitap barada, onuň medeniýeti hakda. Ýazyjy Hudaýberdi Hally Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy hem neşirçi Ak Muhammet Welsapar bilen söhbetdeş boldy.

H.Hally: Ak Muhammet, kitap, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny barada aýdyp berseň, oňat bolardy.

Ak Welsapar: Kitabyň adamzat durmuşyndaky gymmatyny ölçemek gaty kyn. Adamyny adam edýän gymmatlyklaň biri kitap diýsek, ýalňyş bolmaz. Adamzat zähmet gurallaryny ýasap hem ulanyp bileni üçin haýwanat dünýäsinden saýlandy diýilýär. Emma, birinjiden, indi, görlüp oturylsa, haýwanlaryň, hatda guşlaryň arasynda-da özüne gerek zähmet guralyny ýasap ýa tapyp, ony ulanyp bilýänleri bar eken. Diýmek, bu adamzadyň haýwanatdan esasy tapawudy bolup biljek däl.

Ikinjiden, özara gepleşip bilmegi adamlary haýwanatdan tapawutlandyrýar diýilýär. Emma indi ylym haýwanlaryňam, mör-möjekleriňem, guş-gumrularyňam özara habarlaşyp, hatda belli bir derejede gürleşip bilýändigini aýdýar. Diýmek, bu-da adamyň haýwanatdan esasy tapawudy bolup biljek däl.

H.Hally: Maýmynlaryň arasynda 50-ä golaý sözüň bardygyny alymlar aýdýarlar.

Ak Welsapar: Hawa, şeýle açyşlar bar we, bu meseläni has hem çuňlaşdyrýar. Indi üçünji tapawudy hem ýatlalyň. Üçünjiden, adamzat pikirlenip bilýär, bu-da ony haýwanatdan tapawutlandyrýar diýilýär. Soňky döwürde ylym ýene bir täsinligiň gürrüňini edýär: haýwanlaryň arasynda-da pikirlenip, etjek işini öňünden planlaşdyryp bilýänleri bar ýaly. Iň bärkisi, bu ugurdan örän täsin açyşlar bar. Diýmek, pikirlenmegem diňe adamzada mahsus aýratynlyk däl bolmaga çemeli?

Onda adamzadyň haýwanat dünýäsinden iň uly tapawudy nämedekä? Meniň pikirimçe, bu adamzadyň okap-ýazyp bilmegi, kitaplaryň üsti bilende ylma-bilime ulaşmagymyka diýýän. Adam eline kitap alanda, okap, onuň manysyny tirende, ol aýratyn bolýar duruberýär. Okamak w ýazmak adamzadyň esasy aýratynlygyna öwrülýär. Aslynda kitap okamaýan adam bilen gürrüňleşmegem gyzykly däl. “Kitapsyz ösen çaga – suwsuz ösen agaçdyr” diýilmegi, belki, şonuň üçindir? Kitapdan daş durýan adamyň dünýägaraýşy çäkli bolýar.

H.Hally. Bu hakykatdanam şeýle. Durmuşda kitabyň orny iňňän ýokary. Bu barada dünýäniň belli adamlarynyň ençeme ajaýyp pikirleri bar.

Ak Welsapar
Ak Welsapar:
Türkmen edebiýatynyň klassygy Nurmyrat Saryhanowyň meşhur “Kitap” hekaýasynda türkmenleriň kitaba bolan hormaty örän göwnejaý beýan edilýär. Hekaýanyň baş gahrymany bir gumly türkmen, ol öz tanşynyň öýüne myhman bolýar. Şol gije, kitaphon adamlar üýşüp, ol öýde kitap okalýar. Has takygy ol gije beýik şahyr Magtymgulynyň goşgulary okalýar. Bütin ömri agyr zähmet çekip, güzeranyny kynlyk bilen aýlaýan gumly türkmen öz ömrüniň beýanyny, gursagynda garran arzuw-hyýallaryny şahyryň şeýle ussatlyk bilen beýan edip bilişine haýranlar galýar. Onsoň ol ertesi Magtymgulynyň kitabyny Hudaý bilen aradaky ýekeje düýesini berip, satyn alýar. Iň gyzykly ýeri, ol türkmeniň özi sowatsyz, okap-ýazyp bilenok, emma şonda-da ol kitaba örän uly sarpa goýýar. N.Saryhanowyň bu hekaýasynda türkmenleriň ata-baba kitaba goýup gelen hormaty örän gowy görkezilipdir.

H.Hally: Şeýle-de bolsa, häzirki durmuşda kitabyň ornuny tutup biljek başga bir zat barmy?

Ak Welsapar: Kitabyň ornuny diňe kitap tutup biler, başga tutjak zat ýok. Ýöne kitabyň dürli görnüşleri hakda gürrüň etse bolar. Meselem, häzirki komputer, internet eýýamynda elektron kitaplar kagyz kitaplaryň ýerini alyp ugrady. Häzir internetde elektron görnüşde millionlarça kitaplar bar. Olary elektron kitaphanaňda saklap, elektron okalgaňda ýanyňda göterip bolýar. Ýazgyn komputer görnüşindäki şol elektron abzallarda uçursyz köp kitap ýerleşýär, ony ýanyňda götermegem, islendik ýerde açyp okamagam aňsat. Ana, kitabyň bu elektron görnüşi häzir kagyz görnüşi bilen bäsleşýär. Emma barybir, meniň pikirimçe, elektron kitaplar kagyz kitaplaryň ornuny doly tutup bilmez! Sebäbi öz söýýän kitabyňy ele alyp, onuň gatlaryny bir-birden açyp okamak – örän uly lezzet. Bu lezzetden adamzat hiç haçanam doly daşlaşyp bilmese gerek. Şwesiýa ýaly elektron kitaplaryň eýýäm giň ýaýran ýurtalrynda-da adamlar adaty kagyz kitaplary satynam alýarlar, okaýarlaram, öýlerinde saklap, oňa guwanýarlaram. Diýmek, kagyz kitaplardan geljekde-de hiç haçan doly ýüz öwrülmez.

H.Hally: Geçen aýda Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesinde “Aşgabat” atly täze 6-njy kanal döredildi. Ol, aýdylyşyna görä, Aşgabatda gurulýan zatlary wasp etmeli. Eýse, şeýle täze telekanallar kitabyň ornuny tutup bilermi?

Ak Welsapar: Ýok, telewideniýe kitabyň, çeper edebiýatyň ornuny hiç haçanam doly tutup bilmez. Sebäbi telewideniýe, hatda erkin bolanda-da, kitapdaky ähli baýlygy, çuňlugy doly berip bilenok. Telewideniýe kitapdan şüweleňli ýa gyzykly bolup biler, ýöne kitapdaky ruhy çuňluk telewideniýede bolmaýar. Diňe hakyky çeper eserler, kitap esasynda goýlan filmler, telewizion spektakllar öz çuňlugy boýunça kitaba golaýlaýar. Ýöne şonda-da ol kitaby başga biri okap, öz görşüni, şol kitapdan çykaran netijesini saňa hödürleýär. Sen kitapdaky beýan edilýän wakalary, hadysalary, görnüşleri kesekiniň gözi bilen görýärsiň. Emma şol kitaby özüň okasaň, sen ony hökman özüňçe görersiň. Her bir okyjynyň oňat kitaba islendik režissýordan ýa senariçiden çuň düşünmegi bolup biljek zat! Kitap adamyň fantaziýasyny oýarýar, ösdürýär, kämilleşdirýär. Käbir klassyky kitaplaryň esasynda birnäçe gezek film döredilmegi nämäni aňladýar? Bu her kişiň kitaba özüçe düşünýändigini aňladýar. Beýik eserler, gymmatly kitaplar – düýpsüz hazyna. Her nesil, her döwür oňa özüçe düşünýär, ondan özüçe netije çykarýar.

H.Hally: Sözüňi bölýän, Ak Muhammet, biz “Aşgabat” telekanalyna dolanaly.

Ak Welsapar: Tükmenistanda açylan “Aşgabat” atly telekanala gaýdyp gelsek. Onda bir zady aýtmaly: eger-de Türkmenistanda senzura ýatyrylmasa, onda 20 sany milli telewizion kanal açylsa-da, türkmenler barybir ors, türk, iňlis telewideniýesini görer. Sebäbi döwür üýtgedi, adamlar indi senzurlanmadyk, erkin professional telewizion gepleşikleri, hakyky filmleri, telewizion spektakllary görmek isleýärler. Olaryň ýaranjaňlaryň ýalan gepini diňlemäge ýa-da ideologiýanyň resmi takallaryna öwelip oturmaga wagtam ýok, islegem. Muňa häzir Türkmen telewideniýesiniň ýolbaşçylaryndan, hökümetiň resmi ideologlaryndan başga hemme kişi düşünýär. Eger-de ýurdy edara edýän adamlar halkyň isleg-arzuwlaryna öz wagtynda düşünseler, onda Müsürdäki, Tunisdäki, Liwiýadaky ýaly wakalar bolmaz.

H.Hally: Indi şu günüň meselelerine dolansak, kitabyň häzirki bulaşyk döwürde tutýan orny nämeden ýbarat?

Ak Welsapar: Häzirki ýaly çylşyrymly döwürde kitabyň gymmaty has-da artýar. Kitap, edil ýanyp duran ullakan ot ýaly, kyn döwürde adamlary çoýmaga, adamlara dogry ýol görkezmäge ukyply. Kitap adamlar üçin ýol görkezýän maýakdyr. Elbetde, men diňe beýik eserleriň, hakyky kitaplaryň gürrüňini edýärin.

H.Hally: Şonuň bilen birlikde syýasatçylar belli-belli döwürlerde aýry-aýry kitaplary öňe sürýärler. Gitlerçi Germaniýada ozal Adolf Gitleriň “Meniň göreşim” kitaby öňe sürlüpdi. Öz ýurdumyzy alsak, onda S.Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby mukaddes Gurhanyň ornunda goýuldy. Birnäçe wagt öň dünýäde Muammar Kaddafynyň “Ýaşyl kitabynyň” gürrüňi köp edilipdi. Ol kitaplara nähili garamaly?

Ak Welsapar: Diktatorlaram kitabyň güýjünden peýdalanmaga synanyşýarlar. Olaram kitap ýazyp ýa-da öz adyndan ýazdyryp, mejbur edip, halka ony okadýarlar. Ýöne häzirki wagtda döwür örän tiz üýtgeýär. Diňe soňky on ýylda dünýädäki onlarça diýdimzor diktaturalar ýykyldy. Ol ýurtlarda häzir demokratik hukuk döwleti gurulýar. Dünýäde azatlyk, erkinlik ädimme-ädim üstün çykyp gidip otyr. Netijede adamlaryň kitabyň hiline bolan talabam artýar.

Dogrusyny aýtsaň, kitap bar – kitap bar. Bu günki gün Muammar Kaddafynyň “Ýaşyl kitaby”, Nyýazowyň “Ruhnama” ýaly kitaplary diňe gülki döredip biler. Ýöne hakyky kitaplaryň, hakyky eserleriň, ylmyň-bilimiň ähmiýeti welin, gitdigiçe artýar. Häzirki çylşyrymly döwürde kitap, ylym-bilim adamzadyň hakyky maýagy, ýolgörkezijisi bolup galýar. Kitap näçe köp bolsa – şonça gowy. Halky, okyjylary zoraýakdan bir ýa birnäçe kitaba daňyp goýjak bolmak – akylly iş däl.

Awtory prezident bolsun ýa adaty ýazyjy – onuň tapawudy ýok, kitaba okyjylar köpçüligi hem edebiýatçylar baha bermeli. Dünýäniň ösen ýurtlarynda kitap bazary şeýle ýaşaýar hem düzgünleşdirilýär. Kitap, neşirýat işlerine hökümetem, senzura-da goşulanok. Kitabyň hakyky gymmatyny kesgitleýän giň okyjylar köpçüligi hem dogruçyl professional edebiýatçylar.
XS
SM
MD
LG