Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: iki aýda edilen işleriň jemleri jemlendi


Anna güni geçen hökümet maslahatynda şu ýylyň başky iki aýynda Türkmenistanyň sosial-ykdysady pudagynda edilen işleriň jemleri jemlendi.

Maslahatda wise-premýerler we käbir beýleki pudak ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklarynda edilen işleriň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Wise-premýer T.Japarowyň hasabatyna görä, şu geçen iki aýda içerki önümçilikde, aýratynam, senagatda we gurluşykda uly ösüşler gazanylypdyr.

Şeýle-de, ol öz çykyşynda Döwlet býujetinin girdeji böleginiň 104.5 prosent, çykdajy böleginiň bolsa 92.4 prosent ýerine ýetirilendigini mälim etdi.

Mundan daşary, ol şu ýylyň ýanwarynda ilatyň ortaça aýlyk hakynyň, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 12.6 prosent ýokarlandyrylandygyny hem aýtdy.

Bu maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň demirýol transport ministri Rozymyrat Seýitgulyýewe işinde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi.
XS
SM
MD
LG