Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti adam ýitgileri boýunça nägilelegini bildirdi


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Owganystandaky amerikan güýçleriniň komanduýuşisi Deýwid Petreus bilen duşuşygynda parahat ilatyň çekýän ýitgileri bilen bagly öz nägilelegini bildirdi.

Hususan-da, prezident Hamid Karzaý Owganystanda amerikan güýçleriniň hüjümleri sebäpli parahat ilatyň çekýän ýitgileriniň mundan beýläk kabul ederlikli däldigini we munuň üçin ötünç soramak çäreleriniň hem ýeterlik däldigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, 2-nji martda ýurduň Kunar welaýatynda NATO güýçleriniň harby wertolýotlarynyň amala aşyran hüjümlerinde 9 sany çaga ölüpdi.

Düýn bu bolan waka protest bildirip paýtagt Kabulda ýüzlerçe adam piket geçirdi. Protestçiler bu piketde «Amerika ölüm!» diýen ýaly şygarlary gygyryşdylar.
XS
SM
MD
LG