Sepleriň elýeterliligi

Müsürde hökümetiň düzümine birnäçe täze ministrler bellendi


Ýekşenbe güni Müsüriň waglaýyn harby geňeşi häkimiýetden çetleşdirilen prezident Hosni Mübäregiň ozalky Ministrler Kabinetiniň düzümine birnäçe täze ministrleri belledi.

Hususan-da, Müsüriň wagtlaýyn harby geňeşi ýurduň içeri işler, daşary işler we adalat ministrleriniň wezipesine täze adamlary belledi.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepdäniň penşenbe güni bolsa harby geňeşiň karary bilen premýer-ministriň wezipesine Essam Şaraf bellendi.

Müsüriň ençeme şäherlerinde oppozision protestçiler henizem ýurduň ozalky lideri Hosni Mübäregiň režiminde işlän resmileriň hökümetiň düzüminde bolmaklaryna garşy protestlerini dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG