Sepleriň elýeterliligi

Yragyň günortasyndaky partlamada 6 adam öldi


Ýekşenbe güni Yragyň günortasyndaky Basra şäherinde amala aşyrylan hüjümde azyndan 6 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, bu wakada amerikan harbylarynyň gözegçilik çekýän ulagyna garşy atylan granat oky harbylaryň ulagyna degmän, bir ýerli ýolagçy awtobusyna degipdir.

Düýn bu wakanyň fonunda Yragyň demirgazygyndaky Kalar şäherinde kürt dilinde gepleşik berýän radiostansiýada hökümet güýçleri derňew geçirdiler.

Bu wakanyň öňýany bu radiostansiýa soňky günler bu şäherde hökümete garşy geçirilen protest demonstrasiýalaryny goldaýjy gepleşikleri efire beripdi.
XS
SM
MD
LG