Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýanyň daşary işler ministri wezipesinden çekildi


Ýekşenbe güni Ýaponiýanyň daşary işler ministri Seýiji Maehara daşary ýurtly bir raýatdan syýasy matlaba esaslanýan haýyr-sadaka puluny kabul edendigi üçin özüniň wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Mundan iki gün ozal ol öz çykyşynda Ýaponiýada ýaşaýan asly koreýaly bir raýatdan syýasy matlaba esaslanýan haýyr-sadaka puluny alandygyny aýdypdy.

Ýaponiýanyň kanunyna görä, daşary ýurtly raýatlardan ýörite maksatlaýyn berilýän syýasy haýyr-sadaka serişdelerini kabul etmeklik bikanun hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG