Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede iki sany tanymal žurnalist tussag astynda


Ýekşenbe güni Türkiýäniň sudy ýurduň iki sany tanymal žurnalisti Nedim Şener bilen Ahmet Sykhyň sud-derňew işi doly tamamlanýança, olaryň tussag astynda saklanmalydygy barada karar çykardy.

Türkiýäniň sudy bu iki žurnaliste 2003-nji ýylda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetini agdarmak ugrundaky dildüwşige gatnaşanlykda güman bildirýär.

Oppozisiýa toparlary we käbir synçylar bu iş bilen baglanyşykly hökümetiň häzirki alyp barýan kampaniýasynyň ýurtda metbugat azatlygyna howp salýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG