Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halyň niçik, türkmen aýdym-sazy?!


Ýazgulyýew: "Döwlet syýasatynyň medeniýete gözegçilik etmegini bes etmegi zerur".
Ýazgulyýew: "Döwlet syýasatynyň medeniýete gözegçilik etmegini bes etmegi zerur".
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen “Owaz” radiokanaly, “Türkmen owazy”, telekanaly açylyp, olarda gije-gündiziň dowamynda türkmen aýdym-sazlary, esasan hem , estrada aýdym-sazlary goýberilýär. Beýleki tele-radio kanallarynda-da aýdym-saza uly orun berilýär.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe gadagan edilen dutara, estrada bagşylarymyza hem aýdym-saz älemine goşulmaga häzir belli bir mümkinçilikler döredi. Häzir ussat bagşylarymyz Sahy Jepbarowyň, Nurberdi Gulowyň, Ödenýaz Nobatowyň, Annaberdi Atdanowyň, Bally Hajynyň aýdymlary hem arhiwden alnyp, efire yzygiderli berilýär. Ýöne bu zatlara seretmezden, häzirki zaman aýdym-sazlarynyň halkyň islegini kanagatlandyrmaýandygyny döwlet baştutany hem aram-aram nygtaýar.

Ussat bagşylarymyzyň käbir aýdym-sazlary efirde ýaňlansa-da, olaryň nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine sosial-tankydy hem durmuşy temadan döreden aýdymlary efire goýberilenok. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Ýyka başlady» diýen aýdymy ussat bagşylarymyz diňe bir efirde däl, eýsem, toý-tomguda aýtmaga-da çekinýärler. Sebäbi bu goşguda «Orramsydan bolan haramhor begler ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady» diýen setirler bar. Bu setirleri ýolbaşçylaryň özlerine çekýän bolmagy mümkin. Şonuň üçin bolsa gerek, Magtymguly Pyragynyň bu aýdymyny aýtmak Nyýazow döwründen bäri bagşylara gadagan.

Nusgawy şahyrlarymyzyň diňe yşky-liriki temadan döreden goşgularynyň sözlerine aýdym aýtmak rugsat berildi.

Aýdymlaryň hili

Efire berilýän aýdymlaryň deň ýarysy ýurtdaky syýasaty taryplaýan aýdymlar, olaryň aglabasy-da, esasan, «Arkadag» temasyndan düzülen aýdymlar. Ol aýdymlaryň-da sözleri örän gowşak. “Arkadagyň nurundan gülleýär Diýar” diýen ýaly, bimany syýasy aýdymlaryň birnäçesi gije-gündiz efirde ýaňlanyp dur. Ol “aýdymlar” ogurlanan daşary ýurt sazlaryna goşulyp aýdylýar, emma ol aýdymlaryň söz-saz äheňi biri-birine gabadam gelenok.

«Beterinden beteri bar» diýleni, sözi bir zat, sazy başga zat diýip duran aýdymlaryň ýörite tansçylary-da bar. Ol tansçylaram saza-söze-de goşulman, haýsydyr bir millilige esaslanýan tansy ýerine ýetirýärler. Onsoň ol aýdymlara «tomaşa» diýmän, name diýersiň?! Raýatlarymyz syýasy aýdymlaryň sözüne asla üns bermän, ogurlygam bolsa kämil sazyny diňläp, tansyna tomaşa edýändiklerini aýdýarlar.

Türkmen senzurasam, çeper eserleriň, poeziýanyň hiline jogap bermek üçin döredilen Maýa Mollaýewanyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparam syýasy temadaky eserleriň, goşgularyň hiline däl-de, badyhowalygyna üns berýäne meňzeýär.

Estrada aýdymlarynda häzirki zaman söýgi temasyndan aýdylýan aýdymlaryň sözleri örän gowşak, üstesine hem suwjuk sözlerden ybarat. “Men seni söýýän, ugruňda köýýän” ýa-da “Men seni söýdüm, sen meni söýmediň, biwepa ýarym” diýen ýaly setirleri söýgi temasyndan aýdylýan aýdymlaryň aglabasyndan tapmak mümkin.

Il içinde ykrar edilen estrada bagşysy hem özüniň: “Gitdiň meniň elimden, gelin bolduň, Miwe. Gel duşuşaly, Miwe, gel görşeli, Miwe” diýip, biriniň gelni bolan maşgalany duşuşyga çagyrýan “aşyk” ýigidiň setir bogunlary-da gabat gelmeýän aýdymy aýdýanlygy üçin müýnem edip duranok.

Kim günäkär?


Häzir türkmen estrada aýdymynyň sözüniň gowşak, suwjuk, sazynyň ogurlykdygy üçin diňe bagşylary günäkärlemek nädogry bolar. Sebäbi häzirem ýazyjy-şahyrlarymyz syýasy goşgulary döredip, baýrak almak, şeýdip, iň bolmanda orta derejede ýaşamak isleginden ugur alýarlar. Kompozitorlaram syýasy, döwlet baştutanyny mahabatlandyrýan aýdym-sazlary döretmäge höweslendirilýär. Şonuň üçinem bagşylarymyz, esasanam, ýaş estrada aýdymçylarymyz hiç hili ýardamsyz, ýöne berk syýasy galyba salnan aýdymlary aýtmaga mejbur bolýarlar.

Häzirki zaman aýdym-sazlarynyň halkyň talabyny ödemeýänligi ýurtda metbugat azatlygynyň, döredijilik erkinliginiň ýoklugyndandyr. Şol sebäplem Akmuhammet Saparow, Leýla Şadurdyýewa ýaly ussat aýdymçylarymyzyň aýdymlary efire goýberilenok. Gadagan edilýän “gara sanawlar” diňe saklanyp galmak bilen çäklenmän, onuň üsti ýetirilýär. Şonuň üçinem Laçyn Mämmedowa, Mähri Goçowa, Döwran Saparow ýaly halkyň söýgüsini gazanan estrada aýdymçylarymyzyň hem birnäçesi düşnüksiz sebäplere görä gadaganlyga düşürilipdir.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, aýdym-saz sungatymyzyň halkyň islegini kanagatlandyrmagy üçin metbugat azatlygynyň bolmagy, ýazyjy-şahyrlara, bagşylara döredijilik erkinliginiň berilmegi gerek. Iň esasy hem, döwlet syýasatynyň medeniýete gözegçilik etmegini bes etmegi zerur. Türkmen aýdym-saz sungatyny pajarlap ösdürmegiň hatyrasyna döwlet ýolbaşçylarymyz şu hakykata düşünerler diýip umyt edýärin.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG