Sepleriň elýeterliligi

ABŞ - Merkezi Aziýa: gatnaşyklaryň geçmişi we geljegi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Astana, 28-nji maý, 2007-nji ýyl.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Astana, 28-nji maý, 2007-nji ýyl.

Waşingtonda ýerleşýän “Proýekt 2049” institutynyň ýakynda çap eden hasabatynda Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň gatnaşygynyň geçmişine we geljegine baha berlip, regiona Waşingtonyň has köp üns bermeginiň zerurdygy aýdylýar. Hasabatda aýratynam, garaşsyzlyk alanyna 20 ýyl dolsa-da, Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir ýurtlaryň belli bir ugurlar boýunça ynjyk ýagdaýda galýanlygy aýdylýar.

“Aktual gürrüň” gepleşiginiň nobatdaky sanynda bu barada gürrüň edilýär. Gepleşigiň myhmany hasabatyň awtorlarynyň biri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça öňki kömekçisiniň orunbasary Ewan A.Feigenbaum. Söhbetdeşligi Muhammad Tahir geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Feigenbaum, ýakynda çap edilen hasabatyňyz barada biraz soň gepleşeris. Eger, mümkin bolsa, şol hasabatyňyzda agzalýan bir mesele hakda giňișleýin gürrüň beräýseňiz. Meselem, siz Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakda gürrüň edýärsiňiz, bu nähili hyzmatdaşlyk we ol nämelerden ybarat?


Ewan A.Feigenbaum
Feigenbaum:
1991-nji ýyla çenli ABŞ-nyň şol region bilen diplomatik ýa strategiki gatnaşygynyň bolmanlygyny aýtsak, ýalňyşmarys. Agzalýan ýyla çenli Waşington Ýewraziýada güýç diýlip hasaplanmaýardy. ABŞ-nyň bu regionda Orsýet ýaly öz kolonial geçmişi-de ýok.

Ýagny, dürli ugurlar boýunça alanyňda-da, Sowet Soýuzy dargaýança, şol regiona Waşingtonyň dahylynyň bolmanlygyny aýtsa bolar. 1991-nji ýyldan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary we şol ýurtlaryň ilaty bilen ABŞ-nyň arasynda özara bähbitli käbir ugurlar boýunça gatnaşyklara ýol açylyp ugrady. ABŞ merkezi aziýalylar üçin, uzakda ýerleşýän güýç bolsa-da, regionyň ýakyn töweregindäki güýçler bilen gatnaşygynda, çäkli-de bolsa, deňagramlylyk jähtinden peýdaly rol oýnap başlady.

Waşingtonyň bähbidine gezek gelende, bu regionyň garaşsyzlyk almagy utușly waka boldy. Şol pursatdan bäri ABŞ-nyň goşan goşandy – ol ýurtlaryň özbaşdaklygyny gorap bilmekleri üçin ýurdy dolandyryş mehanizmini kämilleşdirmegine, özlerine degișli zerur kararlary özleriniň kabul etmegine goldaw bermekden ybarat boldy. Şeýle-de Waşington şol ýurtlaryň ýolbaşçylaryna öz hökümetlerini täsirli hem adalatly dolandyrmaga ýardam etmäge synanyşdy.

Agzan zatlarym bu region bilen ABŞ-nyň özara hyzmatdaşlygyna binýat bolan esaslardyr. Ondan soňra, hyzmatdaşlyk boýunça ýola goýlan esaslara özara bähbitli käbir beýleki elementler hem girizildi. Meselem, şol ýurtlaryň özara gatnaşygyny ýola goýmak, olaryň serişdeleri, şol sanda nebit we gaz baýlyklary, global ykdysadyýete goşant goşjak beýleki ýangyç serişdeleri bilen bagly özara hyzmatdaşlyga esas bolup biljek maddalar girizildi.

Azatlyk Radiosy: Siziň hasabatyňyzda ABŞ bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň gatnaşygynyň ynjykdygy bellenilýär. Eýse onuň ynjyk bolmagyna sebäp bolan we bolýan zatlar nämelerden ybarat?


Feigenbaum:
Soňky 20 ýyl göz öňünde tutulanda, bu gatnaşyklaryň bolmaly derejesinde däldigine göz ýetirýäris. Meselem, söwda gatnaşygy baradaky ýagdaýa garasak, onuň örän çäklidigi göze ilýär.

ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça 1990-njy ýyllarda öňünde goýan maksatlary jähtinden garalanda, olaryň emmesi üstünlikli başa bardy diýip biljek däl. Meselem, 20 ýyl öň “Transhazar” gaz proýekti barada gürrüň edilip başlandy, emma 20 ýyl geçse-de, häzire çenlem Hazarda gurlan gazgeçiriji ýok.

Şeýle-de söwda gatnaşygy barada köp gürrüň edildi, emma belli sebäpler, şol sanda regionda ýerleşýän ýurtlarda maýa goýmak boýunça töwekgelçilikleriň bolmagy sebäpli söwda gatnaşygy hem henize çenli çäkli bolup galýar. Şol regionda ýerleşýän ýurtlarda hökümetiň dolandyrylyșy we demokratik institutlar barada köp gürrüň edildi, emma ABŞ-nyň deslapky maksatlary göz öňüne alnanda, bu ugurda hem gazanylan o diýen uly üstünlik göze ilmeýär.

Netijede bu hyzmatdaşlygyň bolmaly derejesinde bolmanlygy üçin biz onuň ynjykdygyny aýdýarys. Biz bu ugurda hyzmatdaşlyk üçin binýadyň bardygyna, bu hyzmatdaşlygy artdyrmak we özara bähbitli esasda bilelikde işleşip, bilelikdäki syýasaty ýöredip boljak sektorlaryň hem bardygy hakda oýlanýarys.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň regiondaky bähbitleri barada gürrüň etdiňiz, emma Waşington bilen Merkez Aziyanyň gyzyklanmagy üçin nähili sebäpler bolup biler?

Fegenbaum: ABŞ barada aýdylanda, regionda ýerleşýän ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň bu ýurda garaýşy biri-birinden tapawutly. Bu babatdaky hakykaty kabul etmek gerek. Meselem, käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary ABŞ-nyň syýasy we demokratiki maksatlaryny şübhe astyna alýarlar. Bu gizlin zat däl. Emma ABŞ-nyň hiç hili gymmatlyklary öz içine almaýan daşary syýasat alyp barmak ýaly mümkinçiligi ýok. Meniň pikirimçe, 20 ýyldan bäri dowam edýän gatnaşyklardan we şol meseleler barada geçirilen gepleşiklerden soň, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň liderleri hem bu ýagdaýa göz ýetirse gerek.

Merkezi Aziýanyň elitasy bu ugurlarda Amerikanyň derejesinde gyzyklanmaýarlar. Şonuň üçin bu ýagdaý Merkezi Aziýada Amerika barada dürli ynamsyzlyklaryň döremegine sebäp bolýar. Hatda şol ýurtlaryň käbirleriniň raýatlarynyň hem Amerikanyň maksatlary barada şübheleri bar, bu ugurda olaryň belli bir derejede nädogry maglumatlarynyň hem bardygyny aýtmak ýalňyş bolmaz. Şonuň üçin esasy kynçylyklardan biri hem ýönekeý ilat we ýurdy dolandyrýan elita – bu ikisiniň arasynda hem Amerikanyň maksadynyň konstruktiw we özara bähbitli meselelerden ybaratdygy hakda ynam döretmekdir. Bize iki tarapyň arasyndaky birek-birege ynamsyzlygyň hötdesinden gelmek gerek.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň konstruktiw roly diýen mesele hakda gürrüň gozgadyňyz, emma siziň üçin konstruktiw diýlip hasaplanýan zatlara Merkezi Aziýa ýolbaşçylarynyň garaýyşlarynyň tapawutly bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda şu dar ýoldan ýöräp, göz öňünde tutýan maksatlaryňyza ýetmegiň nähili usuly bar?


Feigenbaum: Dar ýol diýlen düșünjäni ulanmagyňyz gyzykly. Meniň pikirimçe, ABŞ regionyň diňe bir ugry bilen gyzyklanmaýar, onsoň onuň diňe bir ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiligem ýok. 1991-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşygynda alyp barýan syýasaty köp ugurly bolup geldi. Meselem, ABŞ-nyň diňe goranyșa, adam hukuklaryna ýa diňe söwda gönükdirilen aýratyn syýasaty ýok. Onuň daşary syýasaty bar.

Daşary syýasatda bu agzalýan ugurlaryň hemmesi utgașykly. Emma, umuman aýdylanda, ABŞ 1990-njy ýyllarda öz öňünde goýan maksadyny uly möçberde amala aşyrmagy başarmasa-da, üstünlik gazanan ugurlary boldy.

Meniň pikirimçe, ABŞ Merkezi Aziýanyň bilim, garaždan jemgyýetçiligi, habar serişdeleri boýunça ugurlaryna belli programmalar arkaly uly goşant goşdy. Biz bu zatlara diňe has uludan baha bermän, dolandyryș nukdaýnazaryndan garamaly.

Bu ugurda biziň toparymyzyň maksady: 20 ýyldan bäri alnyp barylýan sýyasaty göz öňünde tutup, eýse ABŞ-nyň bu sýyasatyny, ýagny adam hukuklary, demokratiýa we beýleki ugurlar boýunça edilen işleri gaýtadan gözden geçirmekligiň we, bu ugurda öwrenilmeli zatlar bar bolsa, oňa gaýtadan garamaklygyň wagty ýetmedimikä diýlen soragy orta atmakdan ybarat. Şeýle-de şol sektorlarda edilen işlere garap, şol proýektleriň käbirlerini birikdirmegiň, eger zerur bolsa oňa täze proýektleriň girizilmeginiň wagty ýetmedimi diýlen soragy gün tertibine salmakdan ybarat.

Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň syýasaty köp ugurly bolmaklygyny dowam etdirer we şol bir wagtyň özünde-de şol ugurlaryň ählisinde ösüşiň deň derejede boljakdygyna garaşyp bolmaz. Aýtjak bolýan zadym - biziň toparymyz, elbetde, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlarda syýasy ugurlardan göz öňünde tutulýan maksatlaryň beýleki ugurlar bilen deň derejede ösmelidigini aýdar ýaly derejede tejribesiz däl...

Hasabatymyzda orta atylan pikirler ABŞ-nyň bähbidiniň diňe bir ugurly bolmanlygy, şunlukda onuň syýasatynyň hem diňe bir ugurly bolup bilmejegi baradadyr. Meniň pikirimçe, belli bir wagtdan soňra bu syýasata Merkezi Aziýada göz ýetiriler.

Azatlyk Radiosy: Haçanda Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň syýasy ýagdaýlary barada gürrüň edilende, Ýakyn Gündogara we Demirgazyk Afrikada ýerleşýän ýurtlarda bolup geçýän rewolýusiýalar göz öňüne gelýär. Eýse, Merkezi Aziýada hem şeýle ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi barmy?

Feigenbaum: Meniň pikirimçe, şol ýurtlaryň ýagdaýlaryny deňeşdirmeklik peýdaly zat däl. Sebäbi ol alma bilen mandarini deňeşdiren ýaly bolýar. Biz öz hasabatymyzda Merkezi Aziýada geljek 10 ýylyň dowamynda bir bada birnäçe ýurduň şowsuzlyga uçramak howpunyň bardygyny aýtdyk. Şol bäș ýurduň biri-birinden tapawudy bar, olara umumylaşdyryp baha bermek o diýen peýdaly däl. Emma şol regionda ýerleşýän käbir ýurtlarda ýurdy dolandyryş we institutlaryň ýagdaýy boýunça uly kemçilikler bar. Biziň pikirimizçe, olaryň geljekde problema hökmünde ýüze çykmagy mümkin. Meselem, käbir ýurtlarda ykdysady taýdan uly deňsizlikler göze ilýär, sistema jenaýatçy we beýleki elementleriň hem aralaşanlygy göz öňünde tutulsa, onda bu ýagdaý hökümetiň halkyň köpçülikleýin talaplaryny ödemeginiň öňünde dürli kynçylyklary döredýär.

Eger bu ähli problemalary bir ýere jemlesek, şol ýurtlaryň ýagdaýlarynyň biri-birinden tapawutlydygyna garamazdan, bizi alada goýýan käbir zatlar ýüze çykýar.

Geçen ýyl Oşda we Jelalabatda emele gelen wakalara seretseňiz, bu regionda ýurdy dolandyrýan käbir hökümetleriň ýagdaýynyň näderejede ynjykdygyna göz ýetirersiňiz. 2005-nji ýyldan bäri şol ýurt uly göwrümli protestleri, dartgynlyklary we birnäçe gezek hökümet çalşygyny başdan geçirdi. Bu hem öz nobatynda şol ýurduň ýagdaýynyň ynjykdygyny görkezýär.

Meniň pikirimçe, şol ýurtlaryň ählisinde bolmasa-da, aglaba köpüsinde sosial we ykdysady problemalar bilen bir hatarda käbir beýleki kemçilikleriň bir ýere jemlenen halatynda çylşyrymly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiliginiň bardygyny aýtsa bolar.

Azatlyk Radiosy: Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk ýakynda Türkmenistanda we Özbegistanda saparda boldy. Bu sapary hem göz öňünde tutup aýtsak, ABŞ bilen Özbegistanyň gatnaşygynyň gaýtadan gowulaşyp barýanlygyny aýtsa bolarmy? Eger şeýle bolsa, onuň sebäbi nämede?


Feigenbaum: Bu saparyň maksady ABŞ-nyň Owganystandaky kompaniýasyna dahylly. Bu barada şübhe ederlik zat ýok. Özbegistan bilen ABŞ-nyň gatnaşygy, elbetde, käte-käte gowulaşyp, käte-de erbetleşip dur. Eger 2002-nji ýylda ABŞ bilen Özbegistanyň arasynda gol goýlan strategiki ylalaşyga seretsek, bu gatnaşyga başga ýerden esas gözläp oturmak gerek däl. Özbegistanyň hökümeti tarapyndan hem gol goýlan şol dokument köp ugurly ylalaşyk bolup, oňa köp zat girýär, meselem, şonda syýasy we ýurdy dolandyryş ýaly maddalar barada bilelikde edilmeli işlerem agzalýar.

Ondan soňra Andijanda we käbir beýleki ýerlerde bolan wakalar bu gatnaşyga ýaramaz täsirini ýetirdi, netijede soňky ençeme ýylyň dowamynda bu gatnaşyk o diýen öwerlikli däldi. Emma bu gatnaşyk 2009-njy ýyldan soňra ýene gowulaşyp başlady. Amerikanyň nukdaýnazaryndan aýdylanda, onuň sebäbi Owganystandaky ýagdaýlara degişli.

Özbegistanyň nukdaýnazaryndan aýdylanda bolsa, bu ugurda Daşkent tarapyndan edilýän tagallanyň maksady Özbegistanyň halkara gatnaşygyny deňagramlaşdyrmak islegi bilen bagly bolup biler. Emma ýene meseläniň bir üjy baryp Owganystana ilteşýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Feigenbaum, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň!
XS
SM
MD
LG