Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow aýal-gyzlary 8-nji mart baýramy bilen gutlady


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Serdar» köşgünde halkara aýal-gyzlar gününiň hormatyna ýörite kabul edişlik we gutlag çäresini gurnady.

Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda gurnalan bu dabarada prezident G.Berdimuhamedow Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewany we wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowany aýal-gyzlaryň baýramçylygy bilen gutlady we olara arzuwlar aýtdy.

Bu duşuşykda döwlet lideri Türkmenistanyň ähli beýleki aýal-gyzlaryny-da ýetip gelen baýramçylyklary bilen gutlady.
XS
SM
MD
LG