Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow türkiýeli kärdeşi bilen gürrüňdeşlik geçirdi


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýänin prezidenti Abdylla Gül bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.

Bu gürruňdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar. Mundan daşary, olar käbir möhüm halkara we regional meseleler barada-da gürrüň etdiler.

Gürrüňdeşligiň barşynda türkmen prezidenti aprel aýynda Stambul şäherinde geçiriljek BMG-niň halkara konferensiýasyna gatnaşmagy barada özüne eden çakylygy üçin Türkiýäniň prezidentine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu konferensiýa Türkmenistanyň ýörite wekilçilikli delegasiýasynyň gatnaşjakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG