Sepleriň elýeterliligi

NATO: Liwiýa harby çäre görmek mümkinçiligi aradan aýrylmaýar


Duşenbe güni prezident Barak Obama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň NATO bileleşigindäki soýuzdaşlarynyň Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň parahat ýaşaýjylara garşy ulanan gazaply çärelerine jogap hökmünde harby çäre görmek mümkinçiligini-de aradan aýyrmaýandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de, Barak Obama Muammar Kaddafiniň we onuň ýakyn egindeşleriniň parahat ýaşaýjylara garşy güýç ulanandyklary üçin jogap bermeli boljakdyklaryny nygtady.

Duşenbe güni NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen şu hepdäniň penşenbe we anna günleri NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçirjek maslahatlarynyň gün tertibinde Liwiýadaky wakalaryň esasy meselelerden biri boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG