Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary owgan hökümetinden ötünç sorady


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts ýakynda, 2-nji martda NATO güýçleriniň geçiren howa hüjüminde owganystanly çagalaryň öldürilenligi sebäpli ýurduň hökümetinden resmi ötünç sorady.

Bu barada duşenbe güni Robert Geýts Owganystanyň paýtagty Kabulda prezident Hamid Karzaý bilen bilelikde gurnalan metbugat konferensiýasynda ýörite çykyş etdi.

Özüniň Owganystana edýän iki günlük saparynyň barşynda ol ýurduň käbir beýleki regionlaryna-da sapar etmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG