Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Belarusa ýörite synçylar toparyny ýollamakçy


Duşenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusdaky prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen gurnalan protest demonstrasiýalarynda tussag edilenleriň sud proseslerine syn etmek üçin ýörite synçylar toparyny ýollamakçydygyny mälim etdi.

Demonstrasiýalarda tussag edilenlere garşy sud prosesleri geçen aý başlanypdy.

ÝHHG geljekki sud proseslerine syn etmek üçin dört adamdan ybarat synçylar toparynyň şu hepdäniň çarşenbe güni Belarusa barjakdygyny aýdýar.

Belarusda geçen ýylyň dekabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine protest bildirilip gurnalan demonstrasiýalarda ýüzlerçe protestçiler, şol sanda, prezidentlige kandidatlardan hem ýedisi tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG